KITAPHANALAR RUHY TERBIÝÄŇ GÖZBAŞY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 2029 njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy” esasynda Kitaphanalar ruhy terbiýäň gözbaşy ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini, kitaphana işiniň we sanly ulgamy işjeň wagyz etmek, sanly ulgamyň işini kämilleşdirmekde uly tagallalaryň edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphanalar diňe bir kitaplary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem kämil maglumatlaryň dürli görnüşlerini özünde jemläp, elektron kitaplary we maglumat gorlary ýaş nesiller üçin bilim almagyň möhüm çeşmesi bolup durýandygy barada çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Kitaphana rowaçlyga badalga
Kitaphana barsaň açyk gapylar, ertekiler, tapmaçalar tapylar
KITAPHANA IŞI KÄMILLEŞÝÄR
KITAPHANAMYZDA TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTYNYŇ TALYP ÝAŞLARY GEZELENÇDE
ÇAGALAR EDEBIÝATY WE LABYZLY OKUW, ÇEPER OKAÝYŞ
ENE - DÜNÝÄNIŇ IŇ OWADAN GÜLI, TER BÄGÜLI