Kitaphana-rowaçlyklara badalga

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden "Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda “Kitaphana rowaçlyklara badalga” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler her bir güni rowaçlyklara beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Maksatnama, kitaphanalary hem-de kitaphana işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde düýpli resminama bolup, onuň meýilnamasynda 2025-2029-njy ýyllarda ýerine ýetirmeli işler, kitaphanaçylaryň öňünde durýan borçlar hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň kitaphanalarynda ylmyň dürli pudaklarynda işleýän alymlara, dürli kärdäki hünärmenlere, dürli ýaşly okyjylara gerek bolan kitaplaryň we döwürleýin neşirleriň elýeterliliginiň üpjün edilýändigini hem-de ähli ugurlara degişli ylmy we çeper edebiýatlary elektron görnüşde geçirmek işleriniň alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Kitaphana- paýhaslar öýi
Kitaphana ýaş okyjylary sylaglaýar
Ýaňlansyn dünýäde çaga gülkisi
GÖR NÄHILI HEZILLIK BAHAR GELSE ILIME, SURATYNY ÇEKEÝIN, GALAM ALYP ELIME
KITAPHANANYŇ USULY IŞLERI
KITAPHANA SYNY