KITAPHANANYŇ USULY IŞLERI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölümi kitaphana ulgamyny ösdürmekligiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, talyp ýaşlaryň arasynda “Kitaphananyň usuly işleri” atly okuw sapagyny gurnady we söhbetdeşlik geçirdiler.

Söhbetdeşlige Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.Ylmy-usuly bölüminiň kitaphanaçylary özleriniň alyp barýan işleri barada, usuly we usuly-bibliografiýa gollanmalary, ýazyjy-şahyrlaryň we tanymal şahsyýetleriň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan gollanmalary taýýarlaýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler we talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alyşdylar. Şeýle gyzykly gürrüňdeşlikler talyp ýaşlarda zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam etdi.

Soňra bolsa söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde, kitaplary ýaş nesle ýetirmekde bimöçber aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ertekiler çagalaryň ruhy dünýäsiniň açary
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli kitaphanaçylaryň ýürek buýsanjy
Kitaphana hünärmenleriniň ýürek buýsanjy
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Çagalaryň gülkisi iň ajaýyp senadyr
Ylym paýhas çyragy