Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda “Türkmenistan sporty” teleýaýlymynyň “Sport üstünligiň menzili” gepleşiginde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynda ýurdumyzyň ösüşlerini-özgerişlerini, kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler hakynda hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli kitaphanaçylar bilen ýazgy edildi.
Kitaphana hünärmenleri “Türkmenistan sporty” teleýaýlymynyň “Sport üstünligiň menzili” gepleşiginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny mynasyp garşylamak, ýurdumyzyň gazanýan beýik üstünliklerini giňden wagyz etmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar
