Kitaphanalar ylham ojagy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 20252029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda Kitaphanalar ylham ojagy ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitaphana işinde döwrüň gazananlary bilen aýakdaş gitmek, jemgyýetde kitap okamaklyga bolan höwesi, söýgini has-da artdyrmak, okyjylara gerekli maglumatlary tapyp bermek kitaphana hünärmenleri üçin uly wezipe bolup durýandygyny belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda kitaphana işini döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine hyzmat etmekden ybaratdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphana ulgamyny has-da ösdürip, döwrebaplaşdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Magtymguly operasynyň görkezilişi boldy
Akyldaryň okan mekdebi
“Kitap-ruhy hazyna”
Ahalyň täze merkeziniň köçelerine milli şahsyýetleriň atlary dakylar
Altmyşynjy ýyllaryň 'gyzly' goşgulary twitter döwrüniň kemsitmelerine garşy 'göreşýär'
Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri Türki dilli edebiýatyň dürdäneleri eserler ýygyndysyna girizildi