KITAPHANALARHALKYŇ RUHY HAZYNASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda Kitaphanalarhalkyň ruhy hazynasy ady bilen Aşgabat şäher häkimligini toplumy binasynda söhbetdeşlik geçirildi. Çykyş edenler kitaphana-medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup, adamzat medeniýetiniň gymmatlygydygy we halklaryň medeni ösüşine täsirini ýetirip, adamlaryň medeniýetli, sowatly şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam edýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de asuda Watanymyzda zähmet çekýän kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda öňlerinde goýlan jogapkärli wezipelere aýdyň düşünip, bildirilen uly ynamdan ruhlanýandyklary barada hem çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda parahat ýurdumyzda okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Kitaphana rowaçlyga badalga
Kitaphana barsaň açyk gapylar, ertekiler, tapmaçalar tapylar
DÖWLET KITAPHANASYNYŇ TARYHY WE ONUŇ BÖLÜMLERI BILEN TANYŞDYRMAK
GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY
KITAPHANABILIMLERIŇ MEKANY
Gazi Husrew beý kitaphanasynda 10 müňden gowrak golýazma saklanýar