Kitaplar kämillik mekdebidir

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 47-nji çagalar bakja-bagynda körpejeler bilen “Kitaplar kämillik mekdebidir” atly söhbetdeşlik geçirdi.Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, tapmaçalar, nakyllar, ýaňyltmaçlar aýdylyp, täsirli gürrüňler geçirildi.

Birnäçe ertekili kitaplar, tapmaçalar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy.Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri bilen çagalaryň arasynda labyzly okalan ertekilerden, tapmaçalardan sorag-jogap alşyldy.Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgüni has-da artdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Geliň kitap okalyň
Päk ahlakly ýaş nesiller ýetişýär
ÝAGŞY GÖRELDE NESILLERE ÝÖRELGE
ÇAGA TERBIÝESINDE HALK DÖREDIJILIGINIŇ ÄHMIÝETI
Aşgabat Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gaz ibermegi 'wagtlaýyn' bes etdi. Näme üçin?
Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär