Kiýewde türkmen-ukrain şygryýetlerine bagyşlanan medeni çäre geçirildi

Kiýewde türkmen-ukrain şygryýetlerine bagyşlanan medeni çäre geçirildi

Kiýew şäherinde çarşenbe güni döwlet dolandyryş edarasynyň Medeniýet bölüminiň Swiçado merkezi kitaphana ulgamynyň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda “Ruhy çyraglar: Skoworoda we Magtymguly” atly şygryýet we saz medeni çäresi geçirildi. Çäre görnükli şahsyýetler Gündogaryň we Ukrainanyň pelsepeçileri - türkmen şahyry Magtymguly Pyraga we ukrain pelsepeçisi we mugallymy Grigoriý Skoworoda bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy bilen bilelikde gurnalan bu medeni çärä döredijilik intelligensiýa wekilleri, alymlar, ýerli dolandyryş edaralarynyň, saz we umumy bilim mekdepleriniň, kitaphanalaryň wekilleri, talyplar we mekdeo okuwçylary gatnaşdylar.

Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň diplomatik işgäri çykyş edip, ol milli medeniýetde, sungatda we edebiýatda gazanylan üstünlikleri wagyz etmegiň, medeni diplomatiýany ösdürmekde we halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de doganlygy berkitmekde möhüm ähmiýet bolup durýandygyny nygtady.

Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli açylan “Magtymguly Pyragy”-nyň toplumynda beýleki şahyrlaryň we akyldarlaryň ýadygärlikleri hem ýerleşdirildi.

Professorlar Nikolay Waskiw we Ýuriý Peleşenko öz çykyşlarynyň dowamynda Magtymguly Pyragy bilen Grigoriý Skovorodanyň dünýägaraýyşlarynyň gabat gelýändigini, ruhy kämilleşmäge, ýagşylyga we watana bolan söýgileri barada pikirlerini beýan etdiler.

Çäre ruhy mirasyň halklaryň arasynda dostlygy pugtalandyrmak we medeni alyş-çalyşygy ösdürmek ähmiýetine baglyşlanan çykyşlar bilen tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Kiýewdäki Magtymguly adyndaky kitaphanada şygryýet we sazly çäre geçirildi
Kiýewdäki Magtymguly adyndaky kitaphanada şygryýet we sazly çäre geçirildi
Ynjyk oglanjygyň zähmeti
Türkmenistanyň halk artisti Begli Babanyýazow 95 ýyllygy (1928-2006)
Moskwa: "Ukrainaly 700 müň çaga Russiýada" diýdi
GDA ýurtlarynyň II oýunlary: ýene bir kümüş medal