Klişiçiýiwka Obasy Rus Basyp Alyşlygyndan Halas Edildi

Ukraina, Donesk sebitiniň Bahmut liniýasyndaky Klişiçiýiwka obasyny rus basyp alyşlygyndan halas edendiklerini mälim etdi.

Ukrainanyň Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Aleksandr Syrskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, ukrain goşunynyň Bamut liniýasynda üstünlik gazanýandygyny nygtap, “Klişiçiýiwka obasy ruslardan saplandy we yzyna alyndy” diýdi.

Ukrainanyň Baş ştaby hem anna güni Doneksde Andriýiwka obasynyň yzyna alynandygyny habar beripdi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy üçin görkezme beripdi. Şeýlelikde Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy.

Putin, Ukrainanyň NATO agza bolmagynyň öňüni almagy maksat edinýändigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Polşanyň prokurorlary aktiwist Aýsoltan Nyýazowany azatlyga goýberdi
Germaniýada garrylar öýünde ýangyn boldy
Hindistanda ýaragly adamlar magdan käniniň 10 işgärini zamun aldylar
Waşingtony çabga gark etdi
Uralda azaşan pensioner bir hepdeden soň halas edildi
Malaýziýada gurlup ýören myhmanhana ýykyldy