Kömelek keseliniň tebigy bejergi usullary

Kömelek keseliniň tebigy bejergi usullary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Kömelek keseliniň tebigy bejergi usullary hakynda maglumat bermek isleýäris.

Sarymsak

Sarymsak, kömelek mikrobuny ýok ediji güýje eýedir.

Ulanylyşy:

Kömelek keseline garşy günde 2-3 diş çig sarymsagyň saladlara ýa-da naharlara goşulmagy maslahat berilýär. Çig sarymsagy gatyga goşup iýmek hem paýdalydyr.

Sarymsagy gönüden bedene çalmak, oňa zyýan ýetirip biler. Onuň ýerine ezilen sarymsagy zeýtun ýagy ýa-da Hindistan hozunyň ýagyna goşmaly. Şol ergin pagta bilen kömelekli ýere ýuwkajyk görnüşde çalynmaly. 2 sagat garaşyp, ýuwmaly. Gowulaşýança günde iki hezek çalmak maslahat berilýär.

Zerdeçal

Zerdeçalyň düzümindäki kurkumin komponentiniň antifungal güýji bardyr.

Ulanylyşy:

Zerdeçalyň gönüden ulanylmagy kömelek ýokançlarynyň aýrylmagy üçin peýdalydyr.

Esasanda eldäki we aýakdaky kömeleklere garşy ulanylan zerdeçal ösümligi owradylyp, içine suw goşulandan soň garylmaly. Hamyr görnüşine gelen ergin kömelegiň bolan ýerlerine melhem hökmünde çalynmaly. Melhem gurandan 15 minut soň gowuja ýuwmaly. Melhemi her gün ulanmak maslahat berilýär.

Hindistan hozunyň ýagy bilen garyşdyryp, ergin görnüşine gelenden soň ulanmak peudalydyr.

Gök we bakja önümleri

Kömelek keseli bar bolsa käşir, turp, şugundyr, kartoşka we süýji kartoşka ýaly düzüminde ýokary mukdarda krahmal olan bakja önümlerinden daşda durulmaly.

Olaryň ýerine krahmaly az bolan brokoli, guşgonmaz ýaly gaýnadylan ter, organiki bakja önümlerini iýmek maslahat berilýär. Şekerli azyklar kömelegiň hasam artmagyna sebäp bolýar.

Alma sirkesi

Alma sirkesi kömelek gijilewginiň azalmagyny üpjün edýär.

Ulanylyşy:

Pagtany alma sirkesine batyryp, kömelekli ýerlere çalmaly. Ol günde üç gezek gaýtalanyp bilner.

Fermentirlenen süýt önümleri

Laktiki aşgar bakteriýalary bilen maýalanan süýt önümleri probiotika taýdan iňňän baýdyr. Çal, gatyk, peýnir, kefir ýaly süýt önümleri peýdaly mikroplaryň sanyny artdyryp, kömelek keseliniň ýüze çykmagynyň öňüni almakda peýdalydyr.

Nim agajynyň ýapragy

Nim ahajynyň ýapragynyň özeni deride esasy kesellere sebäp bolýan mikroplary we deri kömeleklerini ýok edýär.

Ulanylyşy: Nim agajynyň ýapragyny birnäçe minut gaýnatmaly. Sowandan son kömelekli ýerlere çalynmaly.

Keten we çia tohumlary

Keten we çia ösümlikleriniň tohumlary probiotikleriň ulalmagyny üpjün edip, kömelek hassalygyna garşy bedeniň immunitetini güýçlendirýär. Keten we çia tohumlaryny saladlara ýa-da gatyga goşup iýmek maslahat berilýär.

Kokos ýagy

Kokos ýagy diňe ýeňil we orta ululykdaky kömelek lezionunda netije berýär.

Ulanylyşy:

Kokos ýagyny kömelekli ýere günde 3 gezek çalmaly. Kömelek aýrylandan soň we kokos ýagyny çyglandyryjy hökmünde çalandan soň birnäçe hepdäniň dowamynda ulanmak maslahat berilýär.

Käkilik otunyň ýagy

Käkilik otunyň ýagy kömeleklerin ulalmagynyň öňüni alýar.

Ulanylyşy:

Ýokanjyň degen ýerine seýrekleşdirilen käkilik otunyň ýagyny çalmak pedalydyr. Günde 3 gezek çalmak maslahat berilýar.

Çaý agajynyň ýagy

Çaý agajynyň ýagy kömelek keseliniň bejergisinde peýdaly we giňden ulanylýan efir ýagydyr.

Ulanylyşy:

Kokos ýagy bilen %2 göterim seýrekleşdirilen çaý agajynyň ýagyny garmaly. Kömelekli ýere günde üç gezek çalmaly.

Ajyhurş:

Bir çemçe ajyhurş ýagyny kömelekli ýere çalyp, ýarym sagat garaşmaly. Ýarym sagat soň ýagyň çalynan ýeri ýuwulmaly. Onuň netije alynýança 1-2 hepde ulanylmagy maslahat berilýär.

Gawun agajy

Uly gawun agajy ösümliginiň bir bölegini kesip, kömelekli ýere çalmak maslahat berilýär. Birbada köşeşdiriji we kömelek keseline peýdaly özboluşlygy bardyr. Gijilewügi azaldyp, rahatlandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Kömelek keseliniň tebigy bejergi usullary
Dyz agyrysyna tebigy çözgütleri
Dodak Jaýrylmasy we Onuň Bejergi Usullary
Meşhur köçe tagamlary
15 ýaşynda çempion boldy
Sampras bilen deňleşdi