Köne we täze diasporalar: Mejbury migrasiýa, meýletin göçe-göçlük

Köne we täze diasporalar: Mejbury migrasiýa, meýletin göçe-göçlük

Köpçülikleýin göçe-göçlügiň netijesinde emele gelýän global diasporalar ylmy nukdaýnazardan esasan dört bölege bölünýär pida diasporasy, zähmet diasporasy, kolonial diasporalar ýa-da söwda diasporalary. Migrasiýa meselelerini öwrenýän käbir ylmy işlerde diasporanyň bäşinji görnüşi medeni diasporalar hem bu sanawa goşulýar.

Ol ýa-da beýleki ýagdaýlar sebäpli, öz watanlaryny terk edip, özge ýurtlarda mesgen tutan adamlar diaspora jemgyýetlerini emele getirýärler. Öz dogduk diýarlaryndan aýrylyp, başga ýurtlara göçüp baran adamlar ýat illeriň ýaşaýyş medeniýetine uýgunlaşmakda kynçylyk çekseler, tebigy taýdan, öz dilinde gürleýän, öz iliniň adam gatnaşyklaryndan habarly tanyş ýüzleriň gözlegine çykýarlar.

Birmeňzeş medeni gymmatlyklara şärik bolan adamlar öz aralarynda has ýakyn gatnaşyklara ymtylýarlar we wagtyň geçmegi bilen köpelip, diasporalary emele getirýärler.

Adamy öz dogduk diýaryndan aýra salýan sebäpler esasan iki topara bölünýär: meýletin sebäpler, ýa-da mejbury şertler.

Kimdir biri has amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerine eýe bolmak üçin, öz ýurduny taşlap, özge ýurda göçüp barýar.Daşary ýurduň amatly iş şertleri, ýaşaýyş şertleri bilen tanyşýar.Täze şertler oňa has ýakymly, has amatly geljegi wada berýär.

Ol soňy bilen baran ýurdunda öz milletine degişli adamlar bilen tanyşýar.Olar bileleşip, öz milletine mahsus adamlardan ybarat diaspora jemgyýetini emele getirýärler.Bu meýletin migrasiýa mysal bolup durýar.

Ýa-da ýokary bilim almak üçin, daşary ýurtlara göçmeli bolan adamlar, soňy bilen, baran ýurtlarynda has amatly hünär we iş mümkinçiliklerine eýe bolup, şol ýerlerde galmagy saýlap alýarlar. Bu hem meýletin migrasiýa mysal bolup durýar.

Ýöne göçe-göçlük, ýa-da migrasiýa elmydama meýletin sebäplerden ugur almaýar.

Kimdir biri öz ýurdunda biwagt turan uruşdan, gandöküşiklikden halas bolmak üçin, özüniň we ýakyn hossarlarynyň janyny halas etmek üçin, dogduk diýaryndan bosup, parahat ýurtlara göçüp barýar.Ol baran ýurdunda bosgun bolup, belki-de, öz iliniň hasraty bilen ýaşaýar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen özi ýaly köpçüligiň tolkunyna garylyp-gatylýar we öz milletinden bolan adamlaryň diaspora jemgyýetine goşulýar.

Bu bolsa mejbury migrasiýa mysaldyr.

Meselem, XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda ýüzlerçe müň türkmen, owal başda Rus imperiýasynyň goşunlaryndan, soňra bolşewik häkimiýetiniň agalygyndan gaçyp, goňşy Owganystana we Eýrana bosdy. Häzirki wagtda Owganystanyň we Eýranyň hususan-da demirgazyk sebitlerinde millionlarça türkmen ýaşaýar. Olar öz ýanlary bilen türkmen dilini we türkmen medeniýetini hem alyp çykdylar. Bu hem mejbury migrasiýa mysal bolup durýar.

Aradan 100 ýyldan gowrak wagt geçdi, ýöne goňşy Eýranda we Owganystanda umumy etniki kimlige eýe bolan millionlarça türkmen heniz hem Türkmenistan bilen aradaky gan bagyna sarpa goýup ýaşaýar.

Ýakyn taryh dünýäniň dürli künjeklerinde mejbury deportasiýalar zerarly, öz ýurtlaryndan köpçülikleýin göçürilen adamlaryň döreden diasporalaryna şaýat boldy.

Meselem, sowet häkimiýetleri 1944-nji ýylda 200 müň töweregi krym tataryny Krym ýarym adasyndan mejbury çykaryp, Sowet Soýuzynyň beýleki käbir künjeklerine, hususan-da Özbegistana ýerleşdirdi. Mejbury deportasiýalarda onlarça müň krym tatary aradan çykdy. Bu hem zorlukly migrasiýalara mysal bolup durýar.

Ýa-da bolmasa 2011-nji ýylda Siriýada turan graždan urşy 6,6 million töweregi siriýa raýatyny öz ýurdundan göçüp çykmaga mejbur etdi. Olaryň tas ýarpysy häzirki wagtda Türkiýede bosgunlykda ýaşaýar. Millionlarça siriýaly ata watanlarynda biwagt tutaşan ganly uruş zerarly, mejbury göçe-göçlüge sezewar boldy. Uruş dünýäniň käbir künjeklerinde bosgun krizisine ýol açdy.

Parahat ýurtlara bosgunlyga çykan siriýalylar daşary ýurt döwletlerinde täze diasporalary emele getirdi. Bu ýagdaý mejbury migrasiýanyň netijesinde tebigy proses netijesinde emele gelen pida diasporalaryna mysal bolup durýar.

Agyr agressiýalardan, gazaply dawa-jenjellerden, ganly uruşlardan ýa-da agyr ýekirmelerden halas bolmak üçin, öz ata watanlaryny taşlap, daşary ýurt döwletlerine göçüp baran adamlar tebigy häsiýetde pida diasporalaryny döredýärler. Elbetde, olar öz döreden jemgyýetine pida diasporasy diýip, at dakmaýar, ýöne diasporalary ylmy taýdan öwrenýän jemgyýetçilik ylymlary şeýle diasporalary “pida diasporalary” atlandyrýar.

Pida diasporalary özboluşly hakydany saklap galýar. Adamlaryň duçar galan zulumy we zorlugy bardaky gürrüňler we kyssalar nesilden-nesle geçýär. Şeýle diasporalaryň edebi döredijiliginde nalalara we elegiýalara duş gelmek mümkin.

Edebi döredijilik barada aýdylanda, umuman, diaspora medeniýetinde orta çykan eserleriň agramly bölegi nostalgiýa, ahmyr, nalyş, zeýrenç, küýseg ýa-da hasrat temalary bilen tapawutlanýar.

Ýat illerde wagtyň synagyndan geçmegi başaran kesekiler jemgyýetleri diaspora hökmünde saklanyp galýar. Wagtyň geçmegi bilen bu toparlar degişli ýurtlarda azlyk toparlary atlandyrylýar. Azlyklar kategoriýasynda öz hukuklaryny gazanmaga dalaş edýärler. Entek diaspora hökmünde doly kämilleşmedik toparlar bosgunlar topary hökmünde, ýa-da daşary ýurtlular kategoriýasynda, ýa-da migrantlar toparlary hökmünde at alýarlar.

Adamzat taryhynda diasporalaryň geçmişi aňyrdan gaýdýar. Meselem, ýewreý diasporasy ýer ýüzünde müňlerçe ýyl bäri, agyr synaglary başdan geçirdi. Ýa-da bolmasa, dürli döwürlerde ermeni diasporasynyň duçar bolan şertleri, ýa-da dünýäniň dürli künjeklerinde afrikan diasporalarynyň döreýşi jemgyýeti öwreniji alymlar tarapyndan ýakyndan öwrenilýär.

Düýp köki grek dilinden gözbaş alýan “diaspora” sözi “dargama, dargaşma, ýaýrama” manylaryny aňladýar. Diaspora sözi iwrit dilinde “galut”, ýagny “sürgün, ýa-da sürgünlik” sözi bilen düşündirilýän ekeni.

“Britannica” ensiklopediýasyna görä, irki iri ýewreý diasporalary miladydan ozal altynjy asyrda wawilonlaryň Iýuda şalygyny basyp alyp, bu ýerde ýaşaýan ýewreý ilatynyň bir bölegini gulçulyga deportasiýa etmegi bilen döreýär. Ýewreý diasporalary müňlerçe ýyllyk taryhda agyr synaglary başdan geçiripdirler.

Iň ýakyn taryhda, II Jahan urşy döwürlerinde Ýewropanyň edil orta gürpünde, Nazi Germaniýasynda ýewreý ilatynyň köpçülikleýin gyrylmagy, “holokost”, ýewreý diasporasynyň taryhda başdan geçiren agyr synaglarynyň biri boldy.

Käbir diasporalar taryhda ajy pursatlary, agyr trawmalary başdan geçiripdirler. Pida diasporalary, umuman aýdylanda, köplenç agy, ahmyr, zeýrenç, hasrat duýgulary bilen ilteşdirilýär. Pida diasporalary “ezilen, ejir çeken adamlar” tarapyndan döredilýär.

“Kolonial diasporalar” kolonial güýçleriň raýatlarynyň öz täsir giňişligine girýän sebitlere köpçülikleýin göçmegi netijesinde emele gelýär.

Meselem, XIX asyrda Rus imperiýasynyň Merkezi Aziýa sebitlerini, şol sanda türkmenleriň ýaşaýan territoriýalaryny basyp almagynyň yz ýany, Rus imperiýasynyň beýleki raýatlary dürli ýagdaýlar, şol sanda iş mümkinçilikleri sebäpli, basylyp alnan ýerlere köpçülikleýin göçüp başlady.

Sowetler ýyllarynda rus harbylary, mugallymlar, inženerler we beýlekileri köpçülikleýin häsiýetde Daşkende, Aşgabada, Almata ýa-da sebitiň beýleki şäherlerine ýerleşdi.Munuň netijesinde, Merkezi Aziýada rus diasporalary kemala geldi.Olar öz ýany bilen dilini we medeniýetini getirdi.

Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yz ýany, sebitdäki rus diasporalary azlyklara öwrüldi.

Edil şolar ýaly, taryhda britan raýatlarynyň Demirgazyk Amerika köpçülikleýin göçüp barmagy hem “kolonial diasporalara” mysal bolup biler.

Demirgazyk Amerika barada aýdylanda, meselem, ir döwürlerdäki “gulçulyk”, “gul söwdasy”, Afrika yklymyndan garaýagyz gullaryň getirilmegi we soňy bilen gulçulygyň ýatyrylmagy, Demirgazyk Amerikada afrikan diasporalarynyň döremegine ýol açdy.

“Kolonial diasporalar” bilen bir hatarda “zähmet diasporalary” barada hem gürrüň etmek bolar.Zähmet diasporalary bir ýurtdan başga ýurda iş üçin göçüp baran adamlar tarapyndan döredilýär.Daşary ýurt döwletlerindäki has özüne çekiji iş mümkinçilikleri we has amatly ýaşaýyş durmuş şertleri adamlary köpçülikleýin migrasiýa iterip bilýär. Öz dogduk diýaryny taşlap, eklenç gözleginde ýa-da has köp gazanç etmek üçin üçin, özge ýurda ýerleşen adamlar daşary ýurtda özleriniň diasporalaryny emele getirýärler.

Jemgyýeti öwreniji alymlar şeýle diasporalary “zähmet diasporalary” atlandyrýarlar.

XX asyryň 60-70-nji ýyllarynda ýüzlerçe müň türkiýeli iş gözleginde Germaniýa göçüp barýar. Häzirki wagtda Germaniýadaky türk diasporasynyň sany 3-4 million adama çenli baryp ýetýär. Käbir çeşmelerde Germaniýadaky türkleriň umumy sanynyň has köpdügi çaklanýar.

1961-1973-nji ýyllar aralygynda 867 müň türk işçisi Germaniýa barýar. Germaniýadaky türkler ilkibaşda “myhman işçiler” atlandyrylýardy. Ýöne häzir Germaniýadaky türk ilatynyň sany millionlarça adama baryp ýetdi. Türkler Germaniýadaky iň iri we iň köp adamly diaspora hasaplanýar.

Türkiýeden Germaniýa tarap amala aşan zähmet migrasiýasynyň netijesinde ýüze çykan zähmet diasporasy iki ýurtda hem türk we nemes ilatynyň durmuşynda täsir galdyrdy.

Şeýle migrasiýa, häzirki wagtda, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan Türkiýä tarap amala aşýar. Bu prosesi hem zähmet migrasiýasy we zähmet diasporasy kategoriýalarynda seljermek mümkin.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň sanlaryna görä, häzirki wagtda 220 müň töweregi türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Olaryň hatarynda studentler hem bar. Ýöne resmi däl sanlar Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň hakyky sanynyň resmi sanlardan ençeme esse ýokarydygyny görkezýär.

Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin 2007-nji ýylda 30 gün möhlet bilen wizasyz syýahat düzgünini girizdi. 15 ýyl töweregi dowam eden wizasyz syýahat düzgüni 2022-nji ýylyň sentýabrynda, Aşgabadyň haýyşy boýunça, türk prezidenti Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan ýatyryldy. 15 ýylyň dowamynda Türkiýäniň çäginde türkmen ilatynyň sany artdy. Üstesine, Türkmenistanda ýaramazlaşan ykdysady şertler ýurt raýatlaryny gazanç gözleginde köpçülikleýin häsiýetde daşary ýurtlara çykmaga iterdi. Şol döwürlerde Türkmenistanyň raýatlaryndan wiza soramadyk Türkiýe köpler üçin amatly ugur boldy. Ýöne häzirki wagtda bu mümkinçilikler ýatyryldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri özleriniň Ankaradan eden wiza haýyşlaryny gözegçiliksiz migrasiýanyň öňüne geçmek synanyşyklary bilen düşündirdi. Ýöne Türkiýedäki türkmenleriň ýyllarboýy duçar bolýan pasport kynçylyklary, olaryň öz resminamalaryny türkmen ilçihanalarynyň üsti bilen uzadyp bilmezligi, türkmen migrantlarynyň ençemesini onsuz hem bikanun ýagdaýa, gözegçiliksiz duruma düşürdi. Ýöne her niçik-de bolsa, Türkiýede türkmenleriň zähmet diasporasy döredýär.

Bu proses, belki-de, entek dowam eder.

Zähmet diasporasy köplenç meýletin häsiýetde kemala gelýär. Adamlar öz islegi bilen, meýletin öz watanyny taşlap, başga ýurda barýarlar, daşary ýurtda zähmet diasporasyny kemala getirýärler. Ýöne türkmenleriň Türkiýedäki zähmet diasporasyny “meýletin migrasiýa” däl-de “mejbury migrasiýa” kategoriýasyna goşýan synçylar hem bar. Olar bu garaýyşlaryny Türkmenistandaky ykdysady şertleriň juda ýaramazlygy bilen delillendirýärler.

Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri 2019-njy ýylda soňky on ýylyň dowamynda 1 million 900 müň töweregi türkmenistanlynyň uzak möhletli esasda daşary ýurtlara göçüp gidendigini habar berdi.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally türkmenleriň Türkiýede döredýän “zähmet diasporasy” barada şeýle gürrüň berdi:

“Türkiýä giden türkmenistanly diaspora barada aýdylýan iki pikiriň ikisi-de dogry, meniň pikirimçe.Sebäbi, meýletin gidenler hem bar, ýöne aglaba köplügi mejbury.Owaly bilen, meýletin barada aýdylanda, biz öň ýapyk ýurtda ýaşadyk.

SSSR döwründe, Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soňra hem, beýle bir açyklyk bolmady. Şonuň üçin daşary ýurtlara gitmek, başga ýerlerden öz rysgalyňy gözlemek, gazanç etmek höwesi adamlarda aşa ýokarydy. Şonuň bilen birlikde, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda birnäçe adam çykdy.

Elbetde, garaşsyzlyk gazanylan badyna däl, ondan birnäçe ýyl soň, meýletin adamlar çykdy.Soňra ýurtda ykdysady ýagdaýlar gaty ýaramazlaşdy.Adamlar mejbury çykmaga mejbur boldular. Şol mejbury ýagdaý hem adamlary köpçülikleýin ýagdaýda Türkmenistandan çykardy.

Olaryň aglaba köp bölegi Türkiýä bardy.Indi, häzirki güni aýtsaň, adamlar daşary ýurda çykmak üçin, para-peşgeş berýärler, pasport satyn alýarlar, wizany satyn almaly bolýarlar, bilet ýagdaýy ýene-de şeýle. Şol kynçylyklara, şol horluklara garamazdan, adamlar daşary ýurda çykýarlar. Şonuň bilen birlikde, elbetde, meýletin çykýanlar hem bar.

Meýletin çykýanlar mejbury çykýanlardan has azlyk” diýip, synçy aýtdy.

“Söwda diasporalary” barada aýdylanda, haýsydyr bir ýurduň erkin söwda mümkinçilikleri başga ýurtlarda söwda bilen meşgullanýan adamlary özüne çekýär. Özge ýurda söwda maksady bilen baran bir milletiň raýatlary baran ýerlerinde özleriniň diasporalaryny döredýärler.

“Global diasporalar: Giriş” kitabynyň awtory Robin Kohen diasporalaryň bäşinji görnüşini “medeni diasporalar” atlandyrýar. Öz watanynda ynanjy we ygtykady zerarly ýanalýan adamlaryň, öz ynançlaryny we medeni gymmatlyklaryny gorap saklamak üçin, mejbury migrasiýa netijesinde, başga ýere göçüp barmagy, şeýle adamlaryň köpelip, ýyllaryň geçmegi bilen öz jemgyýetlerini, öz diasporalaryny emele getirmegi “medeni diasporalara” mysal bolup biler.

Meselem, dini jähtden çemeleşilse, Muhammet pygamber ilkibaşda yslam dinini getirende Mekgede köplere özüni diňledip bilmedi, oňa eýerýän adamlar Mekge häkimiýetleri tarapyndan yzarlandy.Munuň netijesinde, Muhammet pygamber özüne eýerýän adamlar bilen Medine şäherine göçüp bardy.

Medine halky täze pygambere gujak açdy we musulmanlar öz dini ynançlaryny we ybadatlaryny bu ýerde has erkin berjaý etmek hukugyna eýe boldy.Bu proses “medeni diasporalara” mysal bolup biler.

Türkmenistanyň hökümeti häzirki wagtda Türkiýede ýüzlerçe müň zähmet migrantynyň ýaşaýandygyny ykrar etmeýär, ýa-da bu meseläni üns merkezine getirmeýär. Türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally häzirki günde Türkiýede ýaşaýan ýüzlerçe müň zähmet migrantynyň diaspora emele getirmek prosesiniň dowam edýändigini aýdýar:

“Edebi çeşmelerde hem syýasy maglumatlarda aýdylmagyna görä, diaspora bolmak üçin hökman bir birleşik gerek, şol toparyň bir özara ruhy birleşigi, ýa-da medeni birleşigi, şol adamlary nähilidir bir merkeze birleşdirýän umumylyk gerek. Şol umumylyk Türkmenistandan çykan adamlaryň arasynda beýle bir köp däl”

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Osmakçy, sözaýdyjy we sawçy: Türkmenleriň gudaçylyk dessurlary
Kitap satuwy artýar
Aşgabatda sürüjileriň täzelenen uniformasynyň ýene çalşyryljakdygy aýdylýar
39-njy nokauty
Birmeňzeş netijeler hasaba alyndy