Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde Arkadag şäheriniň adynyň ýazgysy ýerleşdiriler, türkmen kinematograflaryndan ybarat topar Magtymguly hakynda film surata düşürmek üçin Azerbaýjana barar we beýleki habarlar

Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde Arkadag şäheriniň adynyň ýazgysy ýerleşdiriler, türkmen kinematograflaryndan ybarat topar Magtymguly hakynda film surata düşürmek üçin Azerbaýjana barar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Arkadag şäheriniň adynyň uly ýazgysy Köpetdag daglarynyň belent gerişleriniň birini bezär. Degişli ýazgynyň taslamasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde görkezildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, taslamalar bilen tanyş bolup, gymmatly maslahatlary berdi we ýazgynyň uzaklardan görünmelidigini aýtdy. Onuň özüne çekiji görünmegi üçin yşyklandyryş ulgamyna häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmelidigini belledi.

2. Türkmen kinematograflarynyň ikinji topary Magtymguly Pyragynyň ruhy mirasy barada dokumental wideofilmi surata düşürmek üçin Azerbaýjana barmagy göz öňünde tutýar. Surata düşürmek işleri türkmen şahyrynyň we filosofynyň ady bilen baglanyşykly dürli ýerlerde geçiriler. Şeýle hem Türkmenfilm Russiýada, Özbegistanda, Eýranda we Türkiýede dokumental filmleri surata düşürmek üçin kinematograflaryndan ybarat toparlary ibermegi meýilleşdirýär.

3. Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 1-nji sentýabrdan Türkmenbaşy — Gyzylsuw ugrunda gämi gatnawlary boýunça petekleriň arzanladylandygyny habar berdi. Gämiler her gün Türkmenbaşydan 11:00-da we 12:00-da, Gyzylsuwdan bolsa 13:30-da we 14:30-da ugraýar. Petekleri Türkmenbaşy şäheriniň Deňiz menzilinden, şeýle hem Deňiz söwda flotynyň resmi saýtyndan onlaýn görnüşinde satyn almak mümkindir.

4. Aşgabatdaky Rus öýünde Russiýanyň Döwlet baýdagynyň gününde Ýeňiş diktanty atly Bütinrus çäresiniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu çärä 100-den gowrak adam, şol sanda talyplar, mekdep okuwçylary, mugallymlar we jemgyýetiň agzalary gatnaşdylar.

5.Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) özüniň resmi saýtyna giriş salgysyny täzeledi.Indi telekommunikasiýa hyzmatlarynyň ulanyjylary we abonentleri AŞTU-nyň saýtyna www.astu.tm salgysy boýunça girip bilerler.

Web saýtyň täzelenen dizaýny AŞTU-nyň nyşanynyň reňk sazlaşygy esasynda taýýarlanyldy, üstesine-de, saýtyň işleýiş mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işler geçirildi.Saýtda AŞTU tarapyndan hödürlenýän ähli hyzmatlar barada maglumat almak, ýygy-ýygydan berilýän soraglara jogap tapmak, nyrh meýilnamalary bilen tanyşmak, şeýle hem paýdarlar jemgyýetiniň işindäki ähli täzeliklerden habarly bolmak mümkindir.

Dünýäde

6.Italiýada neapolitan mafiýasynyň başlyklarynyň birini oňa degişli itiň kömegi bilen tutmak başartdy. 64 ýaşly Luiji Kaççapuoti uzak ýyllardan bäri gözlenýärdi we oňa gaýybana 15 ýyl azatlykdan mahrum edilmek jezasy berlipdi.

Ony tapmak we tussag etmek üçin edilen öňki synanyşyklaryň hiçisi başa barmady mafiosonyň köp sanly galp resminamasy we daş keşbini üýtgetmek üçin serişdeleri bardy. Şu ýylyň iýun aýynda mafiosonyň ak pudel tohumly iti bolan bir aýalyň ýanynda gizlenýändigini ýüze çykarmak başartdy.

Ol it ozal hiç kim ýaşamaýar diýlip hasaplanýan jaýlaryň birinde görüldi.Itiň azaşana meňzemeýänligi sebäpli, eýelerine bu jaýda gizlin ýaşaýandyklary çak edildi.Polisiýa jaýy gabap, gaçmak üçin mümkin bolan ähli ýollary, şol sanda lagym kanallaryny hem kesdi.

Bilmezden eýesiniň nidedigini görkezen ak pudel it saklanýan merkeze iberildi, indi oňa täze eýe gözleýärler.

7. Ýaponiýaly Nanami Nagura Finlýandiýada geçirilen hyýaly gitarada saz çalmak boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýeledi. Şeýle ýaryşlar 1996-njy ýyldan bäri geçirilýär. Ýaryşa gatnaşyjylar birinji tapgyrda öňünden taýýarlanan kompozisiýany ýerine ýetirmeli, ikinji tapgyrda bolsa guramaçylar tarapyndan saýlanan aýdym-saz mowzugynda improwizasiýa etmeli.Sport habarlary

8. Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň binasy gurlar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu şähere amala aşyran iş saparynyň dowamynda belläp geçdi. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Jianni Infantinonyň arasynda geçirilen duşuşykda Arkadag şäherinde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezini gurmak barada ylalaşyk gazanylandygy ozal habar berlipdi.

9.Roma futbol topary hüjümçi Serdar Azmuny Germaniýanyň Baýer geljekde satyn almak hukugy bilen kärendesine aldy.Ylalaşyk 2024-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli niýetlenendir, çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Roma futbolçyny ymykly düzümine geçirmek islese, Baýere geçirmeli töleginiň mukdary 12 million ýewro bolup biler.

Baýer resmi beýanatynda oýunçy bilen hoşlaşdy we oňa Italiýada üstünlik arzuw etdi.Azmun Lewerkuzeniň futbol toparynda bir ýarym möwsüm çykyş etdi.Bu döwürde 44 oýuna gatnaşdy, garşydaşlarynyň derwezesine 5 gezek pökgi geçirdi we ähli ýaryşlarda 5 ýardam pasyny berdi.

Indi türkmen gelip çykyşly 28 ýaşly hüjümçi Rim şäheriniň Seriýa A-da çykyş edýän futbol toparynyň reňklerini gorar.

10. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy sentýabr aýynda iki dostluk duşuşygyny geçirer. Mergen Orazowyň topary 8-nji sentýabrda Indoneziýa bilen, 12-nji sentýabrda bolsa Bahreýniň topary bilen duşuşar. Bu duşuşyklar türkmen futbolçylary üçin 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşlaryna we 2024-nji ýyldaky Aziýanyň kubogyna (U-23) taýýarlyk bolar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Baýeri ýeňlişden halas etdi
Türkmenhowaýollary Moskwa gatnawlaryny togtatdy, Lebapda 500-den gowrak ýaş mugallym işe başlar, Türkmenistan Galkynyş gaz känindäki mümkinçiliklerini artdyrýar we beýleki habarlar
Zenitiň Serdar Azmuny yzyna gaýdyp almagy mümkin
Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşgunyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi, Astrahan Aşgabatdan kinematograflar toparyny arşy almaga taýýarlanýar we beýleki habarlar
Serdar Azmun italýan klubuna transfer boldy
Baýer öz öýünde Palasiosyň dubly bilen Bawariýany ýeňdi