Köpugurly hyzmatdaşlyk ýokary derejä çykarylýar

21-22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda boldy.

21-nji noýabrda dostlukly ýurduň paýtagtynda ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi.Onuň barşynda iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy hem-de taraplaryň özara bähbitlilik, deňhukuklylyk esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Bar bolan ägirt uly kuwwaty we özara bähbitleri nazara almak bilen, ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berer.Bu resminamalar döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

Bilelikdäki Beýannama kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara gatnaşyklar ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ministrliginiň arasynda oba hojalyk we azyk howpsuzlygy barada hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Kiberhowpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň ýanyndaky Kiberhowpsuzlyk gullugy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Kiberhowpsuzlyk geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilim ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Maliýe gözegçilik gullugy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Maliýe ministrliginiň arasynda fiskal we tehniki meseleler boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Ýokary derejedäki duşuşyklar

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum hem-de BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda esasy ugurlaryň ählisi boýunça özara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan BAE işewürlik maslahaty

22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan BAE işewürlik maslahatyna gatnaşdy.

Kaşaň St.Regis Abu Dhabi myhmanhananyň eýwanynda Türkmenistanda öndürilen dürli görnüşli önümleriň sergisi guraldy.

Maslahata Birleşen Arap Emirlikleriniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň köp sanly wekilleri, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti we işewür toparlary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda 2012-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasynyň arasyndaky işewürlik geňeşiniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn görnüşleri bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine BAE-niň telekeçiler bileleşigi bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek, göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin işewürlik binýatlaryny döretmek üçin aýratyn umyt baglaýandygyny nygtap, türkmen hususy telekeçileriniň BAE-däki kärdeşleri bilen uzak möhletleýin gatnaşyklaryny düýpli we hil taýdan giňeltmäge, ýola goýmaga, olaryň üstünlikli tejribesini ulanmaga, häzirki zaman iş dolandyryş usullaryny we çözgütlerini ornaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Şeýle-de, biziň ýurdumyz islendik netijeli pikirler we teklipler, jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr.Men bu duşuşyga BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagynyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini iki döwletiň hem ägirt uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän giň gerimli, özara bähbitli hakyky hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi

Türkmenistan BAE işewürlik maslahatynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Abu Dhabi Ports Group kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Abu Dhabi Future Energy Сompany (Masdar) kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda umumy gurnalan kuwwaty 100 MW bolan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary ösdürmek bilen bagly bilelikde işlemek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birinji Abu-Dabi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Şeýle-de, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda logistik hyzmatlary etmek we dürli eksport-import amallaryny geçirmek barada ylalaşyklar gazanyldy.

* * *

Şol gün Abu-Dabide bolýan hormatly Prezidentimiz Wahat Al Karama ýadygärlikler toplumyna baryp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Watan üçin gurban bolan milli gahrymanlaryny hatyralady.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň maksatnamasyny Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän Şeýh Zaýed metjidine baryp görmek bilen jemledi. BAE-niň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýän bu metjit dünýäniň iň uly alty metjidiniň biri hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy