Kofe öndürmekde öňdebaryjy ýurtlar

Birnäçe ýurduň simwoly hasaplanýan kofe planetanyň belli ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Hasylyny almak, gaýtadan işlemek we taýýar önümi öndürmek, şeýle-de uzak aralykdaky müşderilere ýetirilmeginiň köp zähmet talap edýändigi üçin kofe birnäçe ýurduň ykdysadyýetinde hem uly orun eýeleýär.

Kofäniň dürli görnüşi bolup, olar, esasan, arabica we robusta atly iki görnüşli däneden öndürilýär.Dünýädäki kofäniň 75 göterimi arabica görnüşine degişli bolup, esasan, Braziliýada we Kolumbiýada ösdürilip ýetişdirilýär. Ýumşak lezzeti bolan bu kofe süýji, çala kislotaly we miwe ýaly tagamy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem düzümindäki kafeiniň mukdary az bolup, ýuwan hasaplanýar.

Kofäniň dörtden bir bölegini robusta görnüşine degişli kofe emele getirýär.Esasan, Wýetnamda we Indoneziýada öndürilýän kofe dänesi has ajy bolup, düzümindäki kafein mukdary köp. Şeýle bolansoň, espresso ýaly has ajy kofe görnüşlerini taýýarlamakda peýdalanylýar.

Kofe önümçiliginde Braziliýa, Wýetnam, Kolumbiýa, Indoneziýa we Efiopiýa öňdeligi eýeleýär.Dünýäde 70-den gowrak ýurtda kofe ösdürilip ýetişdirilýär.Emma global önümçiligiň 75 göterimi ýokarda agzalan ýurtlara degişlidir.

Geçen ýyl Braziliýada 3 million 756 müň tonna kofe hasyly alnypdyr. Şeýlelikde, kofe önümçiliginiň 40 göterimi bu ýurda degişli bolup durýar.Ikinji ýerde durýan Wýetnamda ýylda ortaça 1 million 660 müň tonna kofe öndürilýär.

Bu bolsa, global önümçiligiň 20 göterimine gabat gelýär. Üçünji ýerdäki Kolumbiýada bolsa, 756 müň tonna kofe hasyly alynýar.Bu bolsa global önümçiligiň 10 göterimine barabardyr.

Kofe sarp etmekde Finlýandiýa öňdeligi eýeleýär. Ýurtda ýylda jan başyna 12 kilogram kofe sarp edilýär. Bu görkeziji Norwegiýada 9,9 kilograma, Islandiýada 9 kilograma deň.

Ýene degişli makalalar

Ýene-de kofe barada…
Ecodrink-de bir bulgur hoşboý ysly kofe bilen şäheriň şowhunyndan dynç alyň
Gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri dykgatyňyza ýetirmekçi.
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Sowukdan çaýrylan ellere tebigy bejergi usullary
Hytaýda Türk Kofesi Tanyşdyryldy