Ýene-de kofe barada…

Köpimiziň günümiz kofe bilen başlanýan bolsa gerek. Kofe bütin dünýäde meşhur bolan içimlikleriň biridir. Häzirki zaman dünýäsinde bu hoşboý ysly içimlik şowlulygyň we işjeňligiň nyşany hasaplanýar. Eýsem, kofe we bu içimligiň taryhy barada nämeleri bilýäris?

Kofe aslynda miwe bolup, kiçijik alça meňzeýär. Bu agaç ilki ap-ak gülleýär, soňra güllerde gunçalar peýda bolup, dänä öwrülýär. Ýaşyl däneleri gyzgylt reňke öwrülende, kofe hasyly ýygnalyp başlanýar. Ajymtyk tagamly bu miwe birbada ýetişmeýär. Onuň bişenlerini saýlap ýygnamaly bolýar. Ösdürilip ýetişdirilýän sebitine görä kofe dänesiniň ysy, gatylygy we tagamy üýtgeýär.

Kofeniň ata Watany Efiopiýa hasaplanýar.Bu ýurtda kofeniň 200-den gowrak görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.Rowaýatlara görä, IX asyrda efiopiýaly geçi çopany ýadaw wagty töweregindäki agaçdan owunjak miweleri ýolup alýar hem-de çeýnäp başlaýar.

Ol az salymdan ýadawlygynyň aýrylandygyna, ukusynyň gelmeýändigine göz ýetirýär.Geçi çopany sebedini bu miweden dolduryp obasyna dolanýar. Şeýlelikde, kofe köpçülik tarapyndan çeýnemek arkaly sarp edilip başlanýar.

Ilkibaşda kofeniň dänesi çeýnelip, ajymtyk tagamy dadylan bolsa, XV asyrda guradylan kofe däneleri owradylyp, gyzgyn suwa garylan görnüşde içilip başlanýar.Kofe dänelerini üwäp, gyzgyn içimlige öwürmek usulyny demirgazyk afrikalylar oýlap tapýar. Şeýlelikde, owradylan kofeniň söwdasy başlanyp, Efiopiýadan Müsüre we Anadola, soňra Ýewropa ýurtlaryna ýaýraýar. Şol döwürlerde syýahatçylar nirä gitseler, ýany bilen owradylan kofe alyp gider ekenler.

Kofeniň meşhurlyk gazanan sebiti Eýran hasaplanýar.Sebäbi bu ýurtda köpçülikleýin kofe içmek ýörgünli bolupdyr.Kofe araplaryň kahwah sözünden gelip çykyp, Gündogar ýurtlarynda kofe, Ýewropa ýurtlarynda koffie görnüşinde atlandyrylyp başlanýar.

Wagtyň geçmegi bilen kofe senagatda gaýtadan işlenip, eksport edilýän önümleriň birine öwrülýär.Häzirki wagtda her ýyl 10 million tonnadan gowrak kofe öndürilýär.Braziliýa, Wýetnam, Kolumbiýa, Indoneziýa, Efiopiýa, Peru we Hindistan kofe öndüriji esasy ýurtlar hasaplanýar.

Kofe önümçiliginde Starbucks, Costa Coffee, Nescafe, Tim Hortons, Dunkin Doughnuts kompaniýalary öňdeligi eýeleýär.Kofe nebitden soňra iň köp satylýan harytlaryň biri bolup, durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär.Kofeni dogry saýlamak we taýýarlanyşyna ünsli çemeleşmek esasy şertleriň biridir.

Bu içimlik öýde, işde, ýaryşlarda, gürrüňdeşliklerde täze pikirleriň döremegine, üstünliklere ýetmäge goldaw berýär.

Ýene degişli makalalar

Kofe öndürmekde öňdebaryjy ýurtlar
Garaşylandan ýokary girdeji gazandy
Aşgabat gipermarketinde kofe enjamyny we kofe saýlamaga ýardam edýärler
Sowukdan çaýrylan ellere tebigy bejergi usullary
Hytaýda Türk Kofesi Tanyşdyryldy
“Gark bolýan” döwletiň ministri suwda durup, kömek sorady