Koja: "Gazadan üçünji ewakuasiýany amala aşyrarys" diýdi

Koja: "Gazadan üçünji ewakuasiýany amala aşyrarys" diýdi

Türkiyäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Gazadan 3-nji ewakuasiýa bilen bagly: "Öňümizdäki günlerde amala aşyryp bileris, bu hepde bolar diýip tama edýärin. 50 adamdan ybarat sanaw bar" diýip habar berdi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja mejlisde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Gazadan 88 syrkaw, 62 ýoldaşy bolmak bilen jemi 150 adamyň getirilendigini ýatladan Fahrettin Koja, Ysraýyl, Müsür we Türkiye döwletlerinden emele getirilen koordinasiýa toparynyň 3-nji ewakuasiýa tapgyrynyň üstünde işleýändiklerini mälim etdi.

Fahrettin Koja: "3-nji ewakuasiýa öňümizdäki günlerde bolup biler. Ysraýylyň we Müsüriň Saglygy goraýyş ministrleri bilen geçiren söhbetdeşligimde esasan hem bäbekler, çagalar we ýaralanan adamlary ilki bilen kabul etjekdigimizi aýtdym. Bu mesele boýunça ylalaşyk gazandyk. Häzirki wagtda bolsa esasan hem çagalardan ybarat bolan 50 adamlyk sanawyň üstünde işleýäris. Öňümizdäki günlerde beli bolar diýip pikir edýärin" diýip habar berdi.

Wagtyndan öň dogulan bäbekleriň hem üstünde işlenýändigini, bäbekleriň bir böleginiň Müsüre geçirilendigini, Türkiyä getirilmekleri bilen baglanşykly entek belli bolmandygyny aýdan Fahrettin Koja: "Biz Türkiyä getirilmegi üçin her dürli taýarlyk görendigimizi aýtdyk. Bu meseläniň hem üstünde işleýäris" diýip mälim etdi.

Fahrettin Koja 4 ýaşdan kiçi çagalaryň ewakuasiýasynyň ilkinji tapgyrda bolmagyny meýilleşdirýändiklerini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TRT-nyň 60 ýyllygy geçirilen ýörite dabara bilen bellenilip geçildi
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gazaly Ýene-de 61 Keselli Ankara Getirler
Türkiye Gaza kömek bermäge dowam edýär