Kolumbiýada bolan ýer süýşgüninde 3 çaga ýogaldy

Kolumbiýada bolan ýer süýşgüninde 3 çaga ýogaldy

Demirgazyk we günbatar sebitlerinde aşa ýagýan ýagyşlaryň dowam edýän Kolumbiýanyň Medellin şäherinde, ýer süýşgüni bolan başlangyç synp mekdebinde 3 çaga ýogaldy.

Medellin şäheriniň merkezine 3 km uzaklykdaky La Lejia obasynyň başlangyç synp mekdebiniň ýerleşýän sebitde, düýn ýer süşgüni başdan geçirildi.

Arakesmede mekdebiň çaýhanasynda oturan 20 çaga, dagdan gaýdan topragyň aşagynda galdylar. Çagalaryň aglabasy ýaralanmadan halas bolan hem bolsa, 6 ýaşyndaky 3 çaga wakada ýogaldy.

Resmiler topragyň aşagyndan çykarylan 2 çaganyň hassahanadaky bejergileriniň bolsa dowam edýändigini habar berdiler.

Düýn şäheriň başga bir ýerinde bolan ýer süýşgüninde bolsa 2 adamyň ýogalandygy mälim edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Gaza ynsanperwer kömek we ýangyç ugradylmaga dowam edilýär
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Ilkinji düzmäm (hekaýa)
Italiýanyň Daşary işler ministri dikuçar heläkçiligi barada beýannama berdi
Russiýanyň Baş prokurory Türkmenistana sapar bilen geldi, Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi
Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi