Kolumbiýada uçar heläkçiliginde ýiten dört çaga kyrk günden soň tapyldy

Kolumbiýada uçar heläkçiliginde ýiten dört çaga kyrk günden soň tapyldy

Kolumbiýada Cessna 206 kysymly uçaryň heläkçiliginde ýiten dört çaga jeňňellikden diri tapyldy diýip, ýurduň Prezidenti Gustawo Petro habar berdi. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Prezidentiň sözlerine görä, bu bütin ýurt üçin şatlykly wakadyr, gözleg işleri 40 gün dowam etdi, emma çagalaryň halas ediljekdigine köpler ynanmaýardy.

Cessna 206 uçary 1-nji maýda heläkçilige duçar boldy, betbagtçylygyň öňüsyrasy uçarmanlar topary uçaryň hereketlendirijisiniň işlemeýändigi barada duýdurmaga ýetişdi. Howa gämisi 370 sagatdan soň tapyldy. Uçarda ýedi ýolagçy bardy.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýanyň prezidenti Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesjekdigini aýtdy
Kolumbiýa Palestinada Ilçihana Açar
Kolumbiýanyň Prezidenti hazynaly gämini deňziň düýbünden çykarmagy buýurdy
Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi
Kolumbiýada harby dikuçar ýere gaçdy
“Kolumbiýa Parahatçylyga Goldaw Bermek Üçin Ukraina Ýarag Kömegini Bermez”
Kolumbiýanyň Prezidenti Gazany Hiroşima Meňzetdi