Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Koreý dilindäki edebiýatlar” atly kitap sergisi gurnaldy.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Bitarap Watanmyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, dostlukly Koreý döwleti bilen özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.
Döwlet kitaphanasynda hem Koreý döwletiniň medeniýeti, edebiýaty, taryhy baradaky kitaplar ýerleşdirilen sergi gurnaldy.Sergide ýerleşdirilen kitaplar dostlukly halkyň däp-dessurlaryny, taryhyny we medeniýetini okyjylar köpçüligine tanyşdyrmaga uly orun eýeleýär.
Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini we edebiýatyny öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!
