Koreýa Ikinji Içaly Hemrasyny Uçurdy

Koreýa Ikinji Içaly Hemrasyny Uçurdy

Ministrligiň beýannamasynda ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Kennedi kosmos merkezinden “SpaýsX” firmasynyň “Falkon 9” raketasy bilen üstünlik bilen uçurylan hemranyň 45 minut soň orbita barandygy mälim edildi.

Beýannamada hemranyň uçurylandan 2.40 minut soň bolsa ýerdäki bekedi bilen aragatnaşyga geçendigi habar berildi.

Goranmak ministri Şin Won Sik hem beren beýannamasynda Demirgazyk Koreýanyň hem ikinji içaly hemrasyny üstümizdäki aýyň dowamynda uçurma ähtimallygynyň bardygyny nygtady.

Koreýa Respublikasy 2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda birinji içaly hemrasyny uçurandygyny habar beripdi.

Koreýa 2025-nji ýyla çenli älem giňişligine ýene-de 4 sany içaly hemra uçurmagy meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady
Ilkinji türk astronawtynyň äleme uçjak senesi belli edildi
Respublikaçylaryň arasynda öňde barýar
Ýere gaýdyp geldiler
Ilkinji amerikan Aý missiýasy yza süýşürildi
Hojaly Genosidiniň Gurbanlary Hatyralanýar