Koreýa Respublikasynda Son Hyn Miniň ornuny başga futbolçy eýeledi

Koreýa Respublikasynda Son Hyn Miniň ornuny başga futbolçy eýeledi

Koreýa Respublikasynda Tottenhemiň hüjümçisi Son Hyn Miniň dört ýyllyk hökmürowanlygy tamamlandy. Ol 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurduň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edilmedi.

Ýurduň Futbol assosiasiýasy 2023-nji ýyldaky netijeleri boýunça bu ada Bawariýanyň goragçysy Kim Min Jeni mynasyp gördi.

27 ýaşly futbolçy geçen möwsümde Napoli bilen Italiýanyň çempiony bolandan soňra, tomusda diňe bir Germaniýanyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň iň güýçli klublarynyň biri hasaplanylýan Bawariýa transfer boldy. Ol Mýunhen şäheriniň topary bilen Çempionlar ligasyndaky 6 duşuşygynda 5 ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
Liwerpul Reýnjersi 7:1 edip utdy, Salah 6 minutda het-trik etdi
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Londonda 7 golly duşuşyk we soňky ýarym finalçy belli boldy
“Tottenham” 57 ýyldan soň ýarym finalda
“Aýaks” sanawa “Tottenham” toparyny hem goşdy