Koreýanyň daşary işler ministri Pak Jin Aşgabatda geçiriljek foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

Koreýanyň daşary işler ministri Pak Jin Aşgabatda geçiriljek foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Jin Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geler.

Şu ýylyň 1-nji noýabrynda geçiriljek forum ykdysadyýetiň, durmuşyň dürli gatlaklaryndan 200-e golaý wekilini bir ýere jemlär.Forumda ekologiýa, saglygy goraýyş, ulag, maglumat tehnologiýasy hem-de bilim ýaly dürli ugurlardaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Saparyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň başlygynyň Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşjakdygy we Merkezi Aziýadaky kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirjekdigi bellenilýär.Bu barada Koreýanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Günorta Koreýanyň daşary işler ministriniň 1992-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlaly bäri taryhda ilkinji gezek Türkmenistana sapar bilen gelýändigi bellenilýär.

Belläp geçsek, foruma Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň diplomatik bölümleriniň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda häzirki zaman sungatynyň ägirt uly muzeýi açylar
Koreýanyň daşary işler ministri Aşgabatda geçiriljek foruma gatnaşar
Iň agyr kädi rekordy täzelendi
ABŞ-da dünýäde iň agyr kädi ösdürip ýetişdirdiler
BAE-de Gün elektrik stansiýasy işe giriziler
Merkezi Aziýa we Koreýa respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji forumy geçirildi
Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek atly maslahata gatnaşdy