Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek atly maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek atly maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Seulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek atly ilkinji maslahata gatnaşdy.

19-njy sentýabrda bolan duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy atly parlamentara forumyny döretmek başlangyjynyň ilkinji gezek 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Phýonyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülendigini belledi.

Bu nukdaýnazardan, häzirki parlament ýolbaşçylarynyň forumynyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda parlament diplomatiýasynyň ösmegine itergi berjekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň esasy sessiýasy Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygynyň ýakyn geljekdäki ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlandy. Meseleleri ara alyp maslahatlaşmak iki sany ýörite sessiýalaryň çäklerinde dowam etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, foruma gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki görnüşiniň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek üçin amatly pursatdygyny beýan etdiler we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, giňeltmek üçin parlamentara alyş-çalyşlaryň ähmiýetini tassykladylar.

Mejlisiň çäklerinde taraplar, esasan, Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk, şeýle hem sanly özgerişler pudagyndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Energetika, infrastruktura, suw çeşmelerini netijeli dolandyrmak, senagat diwersifikasiýasy, maliýe, bilim, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ugurlary sebitleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Forumyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi, oňa laýyklykda taraplar 2024-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisini geçirmek barada ylalaşyk gazandylar.

Forumyň çäginde koreý tarapy Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň halklaryny birleşdirýän taryhy we medeni ýadygärliklere bagyşlanan fotosuratlaryň sergisini gurady.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Koreýa Respublikasynda däp bolan çaý içmek dabarasy guraldy. Wekiliýetiň ýolbaşçylary sergi bilen tanyşanlarynda, Saglyk çaýlary tebigy ösümlik çaýynyň dürli görnüşleriniň, adaty türkmen gök çaýynyň, milli süýjülikleriniň, pişme, külçe, gawun kaky, çelpek, gatlama, şeýle hem türkmen önümçiliginiň her dürli süýjüleri, guradylan miweler, un we süýt önümlerini hödürleýän türkmen pawilionyna aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa we Koreýa respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji forumy geçirildi
Türkmenistanyň Ilçisiniň Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşygy
Seulda The Korea Times neşiriniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynda The Korea Herald habarlar agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Sentýabrda Seulda Birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşme maslahaty geçiriler
Demirgazyk Koreýanyň lideri artilleriýa birikmeleriniň türgenleşigini gözden geçirdi