Kosmosda iň köp bolan kosmonawt aradan çykdy

Kosmos giňişliginde bir gezekde iň köp wagt geçiren Waleriý Polýakow 80 ýaşynyň içinde aradan çykdy.Polýakowyň amala aşyran işleri adamzadyň kosmosda näçeräk wagt geçirip biljekdigini görkezýändigi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolmagynda galýar.

Polýakow 1994-1995-nji ýyllarda Russiýanyň “Mir” kosmos stansiýasynda 437 gün boldy.Kosmonawt adamlaryň Marsa uzak wagtlygyna gidenlerinde ruhy saglygyny gorap biljekdiklerine ýa-da bilmejekdiklerine düşünmek üçin dürli ylmy barlaglar geçirdi.

Geçirilen synaglar kosmosda 14 aý bolmagyň adamyň zehinine hiç hili zyýan ýetirmejekdigini görkezdi.Sowet Soýuzynyň gahrymany bolan Polýakow başga-da birnäçe sylaglary mynasyp bolupdy.1942-nji ýylda Moskwanyň günortasyndaky Tulada dünýä inen Polýakow, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Biomedikal meseleler institutynda ilki doktor, soňra bolsa kosmonawt boldy.

Kosmonawtyň ilkinji uçuşy 1988-nji ýylyň awgustynda amala aşyrylyp, Ýeriň orbitasynda sekiz aý geçirdi. Şondan alty ýyldan soňra 1994-nji ýylyň 8-nji fewralyndan 1995-nji ýylyň 22-nji martyna çenli “Mir” kosmos stansiýasynda bolup, häzire çenli täzelenmedik rekordyny goýdy.

Ol Ýeriň daşyndan 7 müňden köp gezek aýlandy.Polýakow geçen ýolunyň Marsa gidip, yzyňa gelen ýaly aralykdygyny aýdypdy.“Mir” kosmos stansiýasy 1986-njy ýylda kosmosa uçuryldy.Agramy 135 tonna barabar bolan stansiýadan peýdalanmakda amerikan astronawtlar bilen hem hyzmatdaşlyk edildi. 2001-nji ýyla çenli ulanylan stansiýa adamlaryň kosmosda nähili işlejekdiklerini we ýaşajakdyklaryny öwrenmekde uly tejribe toplamaga ýardam etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni mynasybetli gutlady
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Rus kosmonawtlar 8 sagat açyk kosmosda boldular
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt Oleg Kononenko gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady