Kristian Beýl iň oňat keşpleriň Di Kaprio hödürlenýändiginden nägile

Kristian Beýl iň oňat keşpleriň Di Kaprio hödürlenýändiginden nägile

Meşhur aktýor Kristian Beýl özüne iň oňat keşpleriň ilki Leonardo di Kaprio ýüz öwrenden soň hödürlenýändigini boýun aldy, ol bu barada GQ neşirine beren interwýusynda aýtdy diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Habarçy aktýordan geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda onuň elden gideren bäş sany ýatda galyjy keşplerinde Di Kaprionyň surata düşendigi, olaryň arasynda Titanik filminiň hem bardygy baradaky myş-myşlar bilen gyzyklandy.

Golliwudda aktýorlaryň islendik gowy keşbiň ilki Leo teklip edilenden soň özlerine hödürlenýändigine düşünmegi gerek. Bu ýerde seniň nähili mylaýym, zehinli we dostana adamdygyň ähmiýeti ýok. Meniň hyzmatdaşlyk eden film goýujylarymyň ählisi-de ilkibada ol keşpleri Di Kaprio teklip edendiklerini aýdýardylar. Şonuň üçin Leo keşpleri mazaly saýlap razylyk berýändigi üçin minnetdarlyk bildirmeli diýip, Beýl gürrüň berdi.

Emma ol kärdeşi Kaprio hiç hili nägilelik bildirmeýändigini, özüne hem oňat aktýor hökmünde muşdaklary tarapyndan hormat goýulýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary tamamlandy, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly Nižniý Nowgorod uniwersitetiniň türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi we beýleki habarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat Deli ugry boýunça uçuş tertibini üýtgetdi, görnükli türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiligi Nýu-Meksiko uniwersitetinde ara alnyp maslahatlaşyldy we beýleki habarlar
Titanik täze görnüşde kinoteatrlara dolanyp geler
Robert de Niro 80 ýaşyny kärdeşleri bilen belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşlar Watanyň daýanjy atly kitaby çapan çykdy, Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny iberdi, Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Sankt-Peterburga bardy we beýleki habarlar
Gülli Aýyň ganhorlarynyň ssenarisini kimiň ýazandygy belli däl