Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat Deli ugry boýunça uçuş tertibini üýtgetdi, görnükli türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiligi Nýu-Meksiko uniwersitetinde ara alnyp maslahatlaşyldy we beýleki habarlar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat  Deli ugry boýunça uçuş tertibini üýtgetdi, görnükli türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiligi Nýu-Meksiko uniwersitetinde ara alnyp maslahatlaşyldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Aşgabat Deli ugry boýunça Hindistana gatnawlar 30-njy oktýabrdan başlap, şenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar. Häzirki wagtda Türkmenistan awiakompaniýasy çarşenbe we penşenbe günleri Aşgabat Deli Aşgabat ugry boýunça hepdede iki uçuş amala aşyrýar.

2. Albukerke şäher häkimliginiň goldaw bermeginde Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy Nýu-Meksiko uniwersitetinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygyny geçirdi. Bu çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleriniň çäginde gurnaldy.

3. 28-nji oktýabrda sagat 17:00-da paýtagtyň Aşgabat kinoteatrynda Italiýanyň Ýitirilenler we jadyly piramidanyň syry atly animasion filminiň görkezilişi bolar. Italiýaly animatorlaryň bu filmi durnukly ösüşe, şeýle hem zatlaryň we materiallaryň gaýtadan ulanylmagy mowzugyna bagyşlanýar.

4. Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň nebit we gazy 2023 atly halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar. Foruma döwlet we halkara guramalarynyň, milli we hususy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem dürli ýurtlardan bilermenler gatnaşýarlar.

5. Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi görnüşindäki 20-nji ministrler duşuşygy 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçiriler. Lýuksemburgda geçirilen gepleşiklerde formata gatnaşýan ýurtlar bu başlangyjy goldadylar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugyn habar berýär.

Dünýäde

6.Neýro ulgam pajygaly gutarýan meşhur filmleriň bagtly tamamlanyşyny görkezýän şekilleri döretdi.Emeli intellektiň döreden suratlarynda Titanik filminden Roza we Jek ahyrynda iki bolup bir gapa münmegi başardylar, Hatikonyň eýesi itiniň ýanyna gaýdyp gelýär, Men rowaýat filminiň gahrymany Robert Newill we onuň iti diri galýarlar hem-de şäheri zombi apokalipsisinden halas edýärler, ulalan Matilda we diri galan ganhor Leon bolsa bilelikde galýarlar.

7. GoogleTrends ykjam programmasy Barbi lybasyny ABŞ-da 2023-nji ýylla belleniljek Hellouin üçin iň meşhur nusga diýip atlandyrdy. Dünýädäki iň meşhur gurjak geýiminiň meşhurlygy Margo Robbiniň baş keşbi janlandyran Barbi filminiň üstünlik gazanmagy bilen düşündirilýär. Meşhurlygy boýunça ikinji ýerde Şagyzynyň, üçünji ýerde bolsa Möý adamyň lybasy durýar.

Sport habarlary

8. AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynda Ahal myhmançylykda Özbegistanyň Pahtakoryndan asgyn geldi. Serdar Geldiýewiň şägirtleri birnäçe amatly mümkinçilik döretdiler, ýöne goragdaky ýalňyşlyklar olara oňyn netije gazanmaga mümkinçilik bermedi. Ýeri gelende bellesek, 7-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek jogap duşuşygyna Ahalyň kapitany Elman Tagaýew gatnaşyp bilmez. Ýarym goragçy sary duýduryşlarynyň köp bolmagy sebäpli toparyna kömek edip bilmez.

Ýene degişli makalalar

Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş etdi, Ahalyň AFK Çempionlar ligasynda öz meýdançasyndaky ilkinji duşuşygyna 19 müňden gowrak tomaşaçy geldi we beýleki habarlar
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasyna ýeňiş bilen başlady
Çempionlykdan soň kubogy hem gazandy
AÇL 2023/24: Ahal Al-Feýhany ýeňlişe sezewar etdi