Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş etdi, Ahalyň AFK Çempionlar ligasynda öz meýdançasyndaky ilkinji duşuşygyna 19 müňden gowrak tomaşaçy geldi we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş etdi, Ahalyň AFK Çempionlar ligasynda öz meýdançasyndaky ilkinji duşuşygyna 19 müňden gowrak tomaşaçy geldi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşdy.Döwlet Baştutany umumy mejlisde çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etdi.

2. Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirilýär.Bu waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. 32 ýylyň içinde eziz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä giňden tanadan, abraý-mertebesini jahana ýaýan ägirt uly işler edildi.

Türkmenistan hemmetaraplaýyn okgunly ösýän döwlete öwrüldi.Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy täze taryhy döwürde biziň iň arzyly maksatlarymyzyň hasyl bolýandygyny we beýik sepgitlere ýetendigimizi tassyklaýar diýip, Prezident hatynda nygtady.

3. Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara Gutlag haty okaldy. Serginiň işine döwlete dahylly esasy guramalar we kärhanalar, ýurduň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna wekilçilik edýän üstünlikli hususy kompaniýalar gatnaşýarlar.

4. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri täze möwsümi Çaýkowskiý 4-nji simfoniýa we Dünýäniň simfoniki sazlarynyň naýbaşy eserleri atly konsert maksatnamasy bilen açýar. Konsert 30-njy sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda geçiriler.

5. Türkmen wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň gatnaşmagynda Arap we fransuz banklarynyň bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Ylalaşyk eksport-import amallaryny maliýeleşdirmek, Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar.

Dünýäde

6. Uzbekistan Airways awiakompaniýasy 4-nji noýabrdan başlap, Daşkentden Ankara dowamly uçuşlary ýola goýar. Uçuşlar şenbe günleri amala aşyrylar. Şu ýylyň tomsunda iki ýurduň awiasiýa gulluklarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda Daşkent Ankara Daşkent göni howa gatnawyny açmak barada ylalaşyk gazanyldy.

7. Awstriýada losos balygynyň 3D çap enjamynda çap edilen wegen eti satuwa çykaryldy. Özboluşly tagamyň awtory Wenanyň Revo Foods startap kompaniýasydyr. Emeli losos eti kömelekden alnan proteinden ýasalýar. Mundan başga-da, tagamyň düzümine balygyň şekilini hem-de tagamyny berýän suwotular we ösümlikleriň beýleki görnüşleri, şeýle hem belok we Omega-3 ýag kislotalary girýär.

Sport habarlary

8.AFK Çempionlar ligasy 2023/24-iň birinji tapgyryndan orun alan Ahal — Al-Feýha duşuşygyna 19966 sany tomaşaçy geldi.Duşuşyk Aşgabat köpugurly stadionynda geçirildi.Ahal 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeňiş getiren ýeke-täk goly 51-nji minutda Ahalyň kapitany Elman Tagaýew girizdi.

Oýundan soňky metbugat maslahatynda Saud Arabystanynyň toparynyň baş tälimçisi Wuk Raşowiç türkmen janköýerleriniň goldawyna ýokary baha berdi.

9.Duşuşygyň netijelerine bu oýunda diskwalifikasiýa edilen Serdar Geldiýewiň ornuny alan Welsähet Öwezow hem teswir berdi.Oýunçylara gowy oýun üçin sag bolsun aýdasym gelýär.Olar bütin güýçlerini sarp etdiler we möhüm ýeňiş gazandylar.

Aýratynam janköýerlere beren goldawlary üçin sag bolsun aýdasym gelýär.Olar biziň üçin goşmaça itergi beriji güýç boldular.Bu ýeňiş toparçadan çykmak üçin ilkinji ädimdir. Öňümizde kyn oýunlar bar, ýöne biz taýýarlanarys we gowy netije gazanjakdygymyza ynanarys.

Tagaýewiň goly hakyky eser.Ol ajaýyp çep aýagynyň bardygyny ýene bir gezek görkezdi.Onuň şeýle möhüm oýunda tapawutlanmagy we özüni hakyky kapitan hökmünde görkezmegi başarandygyna begenýärin diýip, Öwezow belledi.

AFK Çempionlar ligasynyň indiki tapgyrynda Ahal myhmançylykda Al-Aýn (BAE) bilen duşuşar,Al-Feýha bolsa Özbegistanyň Pahtakoryny kabul eder.Iki duşuşyk hem 3-nji oktýabrda geçiriler.

10. Türkmen türgenleri 23-nji sentýabrda ХIХ Tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyşynyň öňüsyrasynda Hytaýyň Hançžou şäherinde türgenleşige başladylar. Türkmenistanyň toparynyň ýerleşen Türgenler obasynyň meýdany 799 müň inedördül metre deňdir. Bu ýerde 45 ýurtdan gelen türgenler üçin 37 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlary guruldy. Aziýa oýunlarynyň iň gyzgalaňly döwründe bu Obada 45 ýurtdan 12500 töweregi türgeniň ýaşamagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ýubileý duşuşygyny geçirdi
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
AÇL. Ahal — Pahtakor oýnunyň başlangyç düzümleri belli boldy
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasyna ýeňiş bilen başlady
AÇL 2023/24: Ahal Al-Feýhany ýeňlişe sezewar etdi
Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky ilkinji öý duşuşygyna 19 müňden gowrak janköýer ýygnandy