Krokodil parky açyldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ilkinji krokodil parky açyldy.Bu ýerde 250 krokodil bar.Täsin topluma gelenler käbiriniň uzynlygy 2 metre ýetýän ýyrtyjy jandarlara iýmit berip bilýärler.

Parka dünýäniň dürli ýerlerinden krokodiller getirilipdir.Toplumyň ýolbaşçysy Mark Gansuana krokodilleriň Tunisden we Günorta Afrika Respublikasyndan getirilendigini, käbiriniň bolsa, bu ýerde ýumurtgadan çykandygyny belleýär.Toplumyň meýdany 20 müň inedördül metr bolup, şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň bada-bat ünsüni çekdi.

Ýene degişli makalalar

Krokodil parky açyldy
Borussiýa PSŽ toparyny ýeňip, ÝÇL-iň finalyna çykdy
Apple-iň maslahaty onlaýn geçiriler
Emeli intellektde B meýilnama: Robotlaşdyrylan adamlar
Central Park restorany Aşgabadyň islendik ýerine naharlary eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
Liga 1: PSŽ Liondan asgyn geldi