Küştdepdi halklary birleşdirýän tans

Küştdepdi  halklary birleşdirýän tans

2-nji dekabrda Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary bilen TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş direktory Dýusen Kaseinowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga häzirkizaman kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly türki dilli döwletleriň köpsanly artistleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar halklaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň, olaryň mirasyny sungatda wagyz etmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dabaranyň resmi böleginden soňra Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli türki dilli ýurtlaryň köpsanlysy türkmen halkyna gutlag bilen ýüzlendiler. Soňra gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde joşgunly Küştdepdi wideofestiwalyny emele getirdiler, onuň barşynda TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynyň aýdymçylary we tansçylary onlaýn görnüşinde türkmen halk tanslarynyň ýerine ýetirilişiniň wideoroliklerini görkezdiler we ony aýdym bilen utgaşdyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we TÜRKSOÝ medeni diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer
31.01.2018 | Ýyl ýazgysy 2017-nji ýyl: Medeniýet ulgamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKSOÝ-nyň BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk kabul edişligini gurady
Berdimuhamedow Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Türki dünýäsiniň 2022-nji ýyldaky medeni paýtagty yglan edildi
Ýyl ýazgysy 2017-nji ýyl: Medeniýet ulgamy