Kuraş 2023: DINARA ROZYKULOWA DÜNÝÄ ÇEMPIONY!

Kuraş  2023: DINARA ROZYKULOWA  DÜNÝÄ ÇEMPIONY!

Kuraş boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň agzasy, Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebiniň tälimçisi Dinara Rozykulowa Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp bolan ilkinji türgen boldy.

63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen zenany final tutluşygynda Hytaý Taýpeýinden Wan-Ting Lini ýeňdi. Şeýlelikde, sport ýolunda ilkinji gezek kuraş boýunça halkara ýaryşa gatnaşan Dinara Rozykulowa bu ýaryşda dünýä çempionlygyna çenli baryp bildi.

26 ýaşly tälimçi sport ýoluna dogduk etrabynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Gaýbulla Hudaýbergenowyň ýolbaşçylygynda girişdi. Soňra ol Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde Baýram Halylyllaýewden tälim alyp başlady.

Geçen ýyl Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan uçurym bolan Dinaranyň ozalky halkara üstünlikleri dzýudo we sambo bilen baglydyr.Ol heniz mekdep okuwçysyka Bütindünýä çagalar oýunlarynda dzýudo we sambo boýunça bürünç medallary eýeledi.

Tejribeli türgeniň 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen sambo boýunça Aziýa çempionatynda hem altyn medaly bar. Şeýle hem ol şol ýylda Wýetnamda geçirilen Kenarýaka oýunlarynda sambo boýunça bürünç medalyň eýesi boldy.

Şondan soň birnäçe ýyllap maşgalasyna üns berip, biraz sportdan daşlaşan Dinara geçen ýylyň ahyrynda ýene-de sporta gaýdyp geldi. Dünýä çempionynyň bir ogly bar. Ol hem sporta höwesek.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Kuraş boýunça dünýä çempionatlaryndaky altyn medallarynyň sany ikä ýetdi. Mundan ozal 2019-njy ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilen dünýä çempionatynda Aýnur Amanowa altyn medal gazanypdy.

Dinara Rozykulowa Aşgabatdaky dünýä çempionatynda türkmen ýygyndysynyň ýedinji medalyny gazandy. Bu medallaryň biri altyn, üçüsi kümüş we üçüsi bürünç medallardyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gahrymanlaryna awtoulaglar sowgat berildi
Kuraş 2023: Dinara Rozykulowa güýçli garşydaşyndan üstün çykyp, adyny finala ýazdyrdy
Türkmenistanly türgenlerden Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa altyn medalyň eýeleri boldular
Kuraş 2023: Dinara Rozykulowa-da adyny ýarymfinala ýazdyrdy