Kurtua iň gowy derwezeban hökmünde Lew Ýaşin baýragyna mynasyp boldy

Kurtua iň gowy derwezeban hökmünde Lew Ýaşin baýragyna mynasyp boldy

Madridiň “Realynyň” we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Tibo Kurtua “France Football” žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy derwezebanyna berilýän Lew Ýaşin adyndaky baýraga mynasyp boldy.

Geçen möwsüm Kurtua “Realyň” düzüminde Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy, Ispaniýanyň çempionatynda we Super kubogynda ýeňiş gazandy.Lew Ýaşin adyndaky baýrak 2019-njy ýylda esaslandyryldy.Onuň öňki eýeleri Alisson (Braziliýa, 2019) we Janluiji Donnarummadyr (Italiýa, 2021). Ýaşin 1956-njy ýylda Olimpiýa çempiony we 1960-njy ýylda Ýewropa çempiony, FIFA-nyň wersiýasy boýunça XX asyryň iň gowy derwezebany, derwezebanlaryň arasynda “Altyn topuň” ýeke-täk eýesi (1963-nji ýyl).

Ýene degişli makalalar

Şu gün 2022-nji ýylyň Altyn topunyň eýesi yglan ediler
Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy Golden Boy baýragynyň eýesi boldy
“Realyň” oýunçysy Karim Benzema “Altyn topuň” eýesi boldy
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
Messi 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Altyn topa dalaşgärleriň sanawyna girmedi
Messi sekizinji gezek Altyn topa mynasyp boldy