Kuşadasy Etrabynda 2,350 Ýyllyk Gorgan Tapyldy

Kuşadasy Etrabynda 2,350 Ýyllyk Gorgan Tapyldy

Welaýat Medeniýet we syýahatçylyk müdiri Umut Tunjer we Aýdyn Adnan Menderes uniwersitetiniň Klassiki arheologiýa kafedrasynyň mugallymy Dosent Doktor Aýdyn Erön barlagyň geçirilen Kuştur sebitinde beýannama berdi.

Erön, 1950-nji ýyllardan bäri bardygy bilinýän, emma wagtyň geçmegi bilen üsti ýapylan gorganyň ýerini anyklap, ýüze çykarandyklaryny aýtdy.

Gorganyň diametri 23 metre barabar tegelek meýdanda durkunyň tas bozulman saklanandygyny beýan eden Erön; “Günbatar Anadoly sebitinde şeýle zaýalanman galan aramgähe gabat gelmek kyn. Elenistik döwürden, ýagny b.e.ozalky 300-350-nji ýyllaryň aralyğynda şeýle kaşan gorgan aramgäh binagärligi Günbatar Anadolyda birnäçe ýerde gabat gelýär” diýdi.

Dosent Aýdyn Erön, şol döwürde İonia medeniýetine degişli Pygela zolagyna degişli ýeriň Efese ýakyn bolmagy sebäpli, şol şäherden hem ilat kabul edendigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda türkmen pälwany bürünç medal aldy
Azerbaýjanyň baýdagyny basgylan 3 ermeni futbolçy tussag edildi
О встречах делегации Туркменистана с бизнес-кругами Франции
Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar
Туркменистан и Франция развивают партнерство в области транспорта и связи
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana iş sapary bilen bardy, Belarus ýokary okuw mekdepleri Aşgabatda geçirilen sergide bilim hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar, türkmen medeniýet we sungat ussatlary Wenada konsert bererler we beýleki habarlar