Kuweýtde futzal boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär

Kuweýtde futzal boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär

Sişenbe güni, 27-nji sentýabrda Kuweýtde futzal boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär. Ýaryş 8-nji oktýabr güni tamamlanar.

17-nji gezek geçirilýän yklym ýaryşyny Kuweýt taryhynda ilkinji gezek kabul edýär.

Ýaryşyň ähli duşuşyklary El-Kuweýt şäherindäki Saad al-Abdulla sport toplumynda geçiriler. Ýaryşa dört toparça bölünen 16 ýygyndy gatnaşar. Her toparçadan iň gowy iki ýygyndy çärýek final tapgyryna gatnaşyp biler.

Yklym ýaryşyna soňky gezek mundan 10 ýyl ozal gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndysy Özbegistan, Bahreýn we Täjigistan bilen B toparça wekilçilik eder.

Türkmen ýygyndysy ýaryşdaky ilkinji duşuşygyny 27-nji sentýabr güni Özbegistanyň ýygyndysy bilen geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 13-de başlanar. Şol gün biziň toparçamyzda Bahreýn ― Täjigistan we A toparçada Kuweýt ― Oman duşuşyklary hem geçiriler.

Aziýanyň häzirki çempiony Eýranyň ýygyndysydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-däki ilkinji duşuşygyny geçirdi
Talyp türgenler Olimpiýa oýunlarynda
Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
17.09.2017 | Olimpiýa stadionynda Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
17.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: häzirki zaman dünýäde sport halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetli düzüm bölegidir