Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-däki ilkinji duşuşygyny geçirdi

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-däki ilkinji duşuşygyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Kuweýtde geçirilýän Aziýanyň kubogy ― 2022-däki ilkinji duşuşygyny geçirdi. El-Kuweýt şäherindäki Saad Al Abdullah Hall sport toplumynda geçirilen duşuşykda türkmen futzalçylarynyň garşydaşy Özbegistanyň ýygyndysy boldy.

Duşuşyk garşydaş ýygyndynyň 8:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Gollary 6-njy minutda D.Çoriýew, 13-nji we 22-nji minutlarda M.Odilow, 15-nji we 33-nji minutlarda I.Ropiýew, 30-njy minutda D.Rahmatow, 34-nji minutda Ş.Fahriddinow we 40-njy minutda A.Usmonow geçirdi.

Türkmenistanyň ýygyndysy Meretgeldi Baýramow, Geldimyrat Geldimyradow, Maksat Soltanow, Allamyrat Gurbanow we Kadyr Berenow bäşligi bilen duşuşyga başlady.

Türkmen ýygyndysy toparçadaky ikinji duşuşygyny 29-njy sentýabrda Bahreýniň ýygyndysy bilen geçirer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Kuweýtde futzal boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Daşkentde iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer