Kyodo: Ýaponiýa Gazagystanda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sammit geçirmekçi

Kyodo: Ýaponiýa Gazagystanda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sammit geçirmekçi

Ýaponiýanyň Hökümeti öňdäki tomusda Merkezi Aiýanyň bäş ýurdy: Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan bilen sammit geçirmekçi. Bu barada ýurduň Kyodo habarlar gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.

Häzirki wagtda sammiti awgustda Gazagystanda guramagyň üstünde işlenilýär. Onuň anyk möhleti gijräk kesgitlener. Ýaponiýadan duşuşyga Premýer-ministr Fumio Kisida gatnaşar. Taraplar ilkinji nobatda ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar diýlip garaşylýar.

Ýaponiýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyklary 2004-nji ýyldan bäri geçirip gelýär. Bu ýyl formata 20 ýyl dolýar, şonuň üçin ony sammit derejesinde geçirmek isleýärler.

Ýene degişli makalalar

Tokioda sakura gülledi
Wengriýa we Hytaý hyzmatdaşlyk hakda 16 ylalaşyga gol çekdiler
Lourens Won Singapuryň täze hökümet başlygy boldy
BMG-de dünýäde 55 sany ýaragly gapma-garşylyklar barada habar berildi
Ajaýyp asyryň ýyldyzy türk seriallarynyň üstünliginiň syryny paýlaşdy
BMG-niň Baş sekretary adam hukuklary boýunça täze maksatnamany yglan etdi