Ajaýyp asyryň ýyldyzy türk seriallarynyň üstünliginiň syryny paýlaşdy

Ajaýyp asyryň ýyldyzy türk seriallarynyň üstünliginiň syryny paýlaşdy

Ajaýyp asyr serialynyň ýyldyzy Burak Özçiwit Russiýada geçýän Bütindünýä ýaşlar festiwalynda türk seriallarynyň üstünliginiň syryny paýlaşdy. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan Mail.ru ýazýar.

Aktýor türk kino senagatyny dünýäde önümçiligiň möçberi boýunça iň öňdebaryjylaryň biri diýip belledi. Özçiwitiň sözlerine görä, türk seriallarynyň meşhurlygynyň sebäbi olardaky çyn duýgulardyr.

Biz seriallarymyzyň üsti bilen bütin dünýäniň adamlaryna öz söýgümizi bagyş edip bilýäris, söýgi bolsa, iň gymmatly duýgudyr. Söýgi ählumumy güýçdür diýip, türk aktýory nygtady.

2021-nji ýylyň fewralynda Burak Özçiwit Döreýiş: Osman serialyny surata düşüriji toparyň düzüminde Groznyý şäherinde bolup, Çeçenistanyň döwlet Baştutany Ramzan Kadyrow bilen duşuşdy.

Ýene degişli makalalar

Ajaýyp asyryň ýyldyzy rus filminde surata düşer
Magtymguly, söz binýadyň…
Aşgabatda Uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar, Türkmenistanda iň owadan ahalteke aty saýlandy, Arkadag futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň sanawynda birinji orna çykdy we beýleki habarlar
Jeki Çan supergahrymanyň keşbini ýerine ýetirmek isleýändigini gürrüň berdi
Dolf Lundgren kino alynýarka Siwester Stallonäni ýençmek isländigini boýun aldy
Maýkl Duglas Kann kinofestiwalynyň hormatly baýragyny aldy