BMG-niň Baş sekretary adam hukuklary boýunça täze maksatnamany yglan etdi

BMG-niň Baş sekretary adam hukuklary boýunça täze maksatnamany yglan etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş adam hukuklary boýunça täze maksatnamanyň işläp başlaýandygyny habar berdi, başlangyç onuň ähli agza-döwletler tarapyndan berjaý edilmegine gönükdiriler. Bu barada Guterriş guramanyň adam hukuklary boýunça geňeşiniň 55-nji ýygnagynda çykyşynda aýtdy. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan Rambler.ru habar berdi.

Ýurtlar ilkinji nobatda adam hukuklarynyň goralmagy we üpjün edilmegi babatda jogapkärçilik çekýärler... Men Adam hukuklary boýunça ýokary komissar bilen bilelikde, adam hukuklarynyň goragy boýunça umumy ulgamlaýyn maksatnamasynyň işe goýberilýändigini habar berýärin diýip, Guterriş aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary täze maksatnamada beýleki düzgünler bilen birlikde, adam gatnaşmazdan özbaşdak hereket edýän we adamlara zyýan edip biljek ýaraglaryň ulanylmagyna doly gadaganlygyň girizilýändigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BMG-niň Baş sekretary Gazagystanda geçjek ŞHG-niň sammitine çagyryldy
BMG-niň Baş sekretary musulmanlary Remezan aýynyň başlanmagy bilen gutlady
Russiýada guralan terrorçylykly hüjüm ýazgarylýar
BMG-nyň baş sekretary Eýranyň Ysraýyla guran hüjümi barada beýanat berdi
Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi