“LA Leýkersiň” 32-nji, “Maýami Hitiň” 6-njy finaly

NBA-da 74-nji möwsümiň çempionyny

kesgitlejek final duşuşyklary ertir başlanar. 32-nji gezek finala çykan “LA Leýkers” bilen 6-njy gezek finalda oýnajak

“Maýami Hitiň” arasyndaky 1-nji duşuşyk

ertir ir säher, Aşgabat wagty bilen 06:00-da başlar. 16 çempionlygy bolan “LA Leýkers” finalyň faworiti bolup, olar adaty möwsümdäki 2

duşuşykda-da “Maýami Hitden” üstün

çykmagy başardy. 2 gezek çempionlyk gazanan ozalky topary “Maýami Hitiň” garşysyna çykyş etjek LeBron Jeýms 10-njy gezek finalda oýnar. Bu

duşuşygyň iň esasy aýratynlygy-da geçen möwsümde pleý-off tapgyryna çykyp bilmedik iki toparyň

arasynda oýnaljak ilkinji final duşuşygy bolar. Başgaça aýdylanda, NBA-da

mundan öňki möwsümde pleý-off tapgyryna-da çykyp bilmedik 2 topar täze möwsümde

finalda duşuşar. Bu waka NBA-nyň taryhynda ilkinji gezek duş gelinýär.

Ilkinji 4 duşuşykda ýeňiş gazanan

topar Larry O’Brien

kubogyny eýelär.

Toparlaryň arasyndaky 2-3-4-nji duşuşyklar 3-nji, 4-nji hem-de 7-nji oktýabrda oýnalar. 2-4-nji duşuşyklar 06:00-da,

3-nji duşuşyk bolsa 04:30-da başlar. Toparlar gerek bolan ýagdaýynda-da 10-njy,

12-nji hem-de 14-nji oktýabrda özara 567-nji oýunlary geçiriler. Duşuşyklaryň

ählisi-de Florida ştatyndaky “The Arena” desgasynda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Taryhynda ilkinji gezek finala çykdy
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 1-nji maý)
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 29-njy aprel)
Täze ýaryşyň ilkinji çempiony
Lebron Jeýms NBA-nyň taryhynda iň köp utuk gazanan oýunçy boldy
“Golden Steýt Warriors” 7-nji gezek NBA-nyň çempiony
35 müňden geçen 3-nji ýyldyz