La-Manşda 1641-nji ýylda gark bolan altynly gämini gözleýärler

La-Manşda 1641-nji ýylda gark bolan altynly gämini gözleýärler

Britaniýanyň ýanyndan XVII asyrda gark bolan üsti altynly gämini gözleýärler diýip, NDTV neşirine salgylanýan Gazeta.ru habar berýär.

Ýagny üstünde kän altyn bolan Deňiz Eldoradosy diýlip at berlen Merchant Royal gämisi Angliýanyň kenarýakasynda 1641-nji ýylda gark bolupdyr.

Ylmy-barlagçylar ondaky hazynanyň umumy bahasynyň bir milliard dollardan hem köpdügini aýdýarlar. Gäminiň gözlegini Multibeam Services kompaniýasy alyp barýar. 2024-nji ýylyň tutuş dowamynda hazyna gözleýjiler 321 inedördül kilometre deň bolan La-Manşyň çägini barlarlar. Gözlegiň barşynda häzirki zaman tehnologiýalaryny: suwasty uçarmansyz enjamlary we öňdebaryjy suwasty gözleg gurluşlaryny ulanmakçy bolýarlar.

Gözleg işiniň ýolbaşçysy Naýjel Hoj bu işiň altyn tapyp baýamak maksady bilen däl-de, tapyndyny ele salmak başardanda, ony muzeýe tabşyrmak meýli bilen alnyp barylýandygyny gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Şwed alymlary: ukusyzlyk adamy bäş ýyl garradýar
Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Rostowly ýiten balykçylaryň gaýygynyň ýanynda ýanýan şar göründi
Türkmenistan bilen Eýranyň Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, Türkmenbaşy we Balkanabatda S7 awiakompaniýasynyň petekleriniň satuwy ýola goýuldy, Türkmenistanyň wekili ilkinji gezek Aziýanyň Tennis federasiýasynyň direktorlar ge
Taýlantda fabrikleriň birinde partlama boldy
Ermenistanda Partlama Boldy