Şwed alymlary: ukusyzlyk adamy bäş ýyl garradýar

Şwed alymlary: ukusyzlyk adamy bäş ýyl garradýar

Şwesiýanyň Karolinskiý institutynyň alymlarynyň aýtmagyna görä, iki gije-gündizläp ukusyny almadyk adam özüni 4,4 ýaş uly duýup biler. Gazeta.ru saýty alymlaryň geçiren bu gözleginiň netijeleriniň Proceedings of the Royal Society B (RSPB) žurnalynda çap edilendigini habar berýär.

Bu ugurda alnyp barlan iki synagyň çäginde alymlar 18 — 70 ýaş aralygyndaky adamlaryň 615-si bilen pikir soraşma geçirdiler. Netijede, adamyň ýekeje gün ukusyny almadyk ýagdaýynda ortaça üç aý garraýandygy mälim edildi.

Ikinji geçirilen synag bolsa iki gije-gündizläp ukusyny çäklendiren (4 sagat) adamlaryň adaty wagt hasabynda, ýagny ortaça 9 sagat ýatyp kadaly ukusyny alýanlara garanyňda 4,4 ýaş garraýandygyny görkezdi.

Gözlegi geçirýänleriň belleýşi ýaly, ýaşynyň ulalýandygyny duýmakdan başga-da, ukusy ýetmeýän adamlar göwnüçökgün, işjeňligi, köpçülik bilen aragatnaşyk saklamaga bolan islegi pes bolýar.

Ýene degişli makalalar

Demirgazygyň Wenesiýasy Stokgolm
La-Manşda 1641-nji ýylda gark bolan altynly gämini gözleýärler
Elektromobil önümçiligi giňeldiler
Bäsdeşlerinden ozdurar
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Şwed kompaniýasynyň täze sanawy