Laureus Messini Ýylyň türgeni diýip yglan etdi

Laureus Messini Ýylyň türgeni diýip yglan etdi

PSŽ-niň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Laureus bütindünýä sport akademiýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň Iň gowy türgeni diýlip yglan edildi. Bu barada TASS habar berýär.

Bu baýrak üçin Messiniň esasy bäsdeşleri topardaşy Kilian Mbappe we Formula-1-iň niderlandly iki gezek çempiony Maks Ferstappen, syrykly bökmek boýunça dünýäniň rekordçysy, şwesiýaly türgen Arman Dýuplantisa, ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal we amerikaly basketbolçy Stefen Karri dagylar boldy.

Ýylyň iň gowy zenan türgeni hökmünde bolsa ýamaýkaly ylgaýjy, Olimpiýa oýunlarynyň üç gezek çempiony Şelli-Enn Freýzer-Praýs ykrar edildi. Ol geçen ýyl 100 metr aralyga ylgamak boýunça 10-njy gezek dünýäniň çempiony boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli harby ýörişe gatnaşmak üçin Moskwa bardy, Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberer, Medine Amanowa agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy we beýleki habarlar
“Garynja adam we ary” (Ant-Man and the Wasp)
Ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawynda futbolçylar öňdeligi eýeleýär
Jon Wigiň nobatdaky başdan geçirmesi
12,1 million dollara satyldy