Lawrow Aýatolla Raisi bilen duşuşdy

Lawrow Aýatolla Raisi bilen duşuşdy

Çarşenbe güni agşam Russiýanyň Daşary işler ministri Prezident Aýatolla Seýid Ybraýym Raisi bilen duşuşdy.

IRNA-nyň habaryna görä Çarşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahýanyň çakylygy bilen Tährana gelen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Eýranyň prezidenti Aýatolla Seýid Ybraýym Raisi bilen duşuşdy.

Saparyň dowamynda Sergeý Lawrow Eýranyň resmileri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişmek we Günbatar sanksiýalarynyň güýçlenýän döwründe ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Gepleşikleriň esasy temalarynyň arasynda Siriýa we Owganystan bilen bagly sebit howpsuzlygy meseleleri hakda hyzmatdaşlyk etmek hem görünýändir.

Ýadro gepleşikleri meselesi, ýokary derejeli rus diplomatynyň Eýranly kärdeşi bilen ara alyp maslahatlaşjak meselelerindir.

Ýene degişli makalalar

Orsýetiň ýadro gepleşiklerinde Eýranyň kanuny hukuklaryny goldamagy
Goşunyň Baş Serkerdesi: Biz duşmanlaryň howplaryny jogapsyz goýmarys
Aragçi: Hazar deňzi Eýran üçin Pars aýlagy ýaly möhümdir; Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek daşary syýasatyň ileri tutulýan ugrydyr
Eýran we Kataryň Daşary işler ministrleri Ýemeniň wakalary barada gepleşik geçirdiler
Aragçiniň Türkiýedäki syýasy maslahatlar baradaky hasabaty
Aragçi: Eýranyň missiýalary daşary ýurtlarda milli bähbitleri netijeli amala aşyrmakda möhüm rol oýnaýar
Eýranyň we Omanyň daşary işler ministrleriniň Maskatda geçiren duşuşygynyň jikme-jiklikleri