Raisi: Sanksiýalar we durnuksyzlyk duşmanyň iki strategiki ýalňyşlygydyr

Raisi: Sanksiýalar we durnuksyzlyk duşmanyň iki strategiki ýalňyşlygydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: Sanksiýalar we durnuksyzlyk duşmanyň Eýran halky babatynda hemişe şowsuz bolan iki strategiki ýalňyşlygydyr diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi penşenbe güni Tähranyň günorta-gündogaryndaky Pakdaşt şäheriniň ilatynyň ýygnagynda eden çykyşynda duşmanyň sanksiýalar syýasatynyň başa barmandygyny we ýurdy durnuksyzlaşdyrmak syýasaty hem sanksiýalar syýasaty ýaly başa barmandygyny aýtdy.

Raisi şeýle-de, duşmanyň halka hyzmat etmegini, ösüşiň we öňe gitmegiň bolmagyny islemeýändigini aýtmak bilen olar ýaş eýranly oglan-gyzlaryň ýokary ylmy, ýerine ýetiriji we hyzmatkär wezipeli adamlaryň bolmagyny görüp bilmeýär we umydyň umytsyzlyga öwrülmegini isleýär diýip nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti duşmanyň eýranly alymlaryň ylmy belentliklere ýetmegini we Günbatar Aziýa sebitinde birinji orunda durmagyny islemeýändigini aýtdy.

Eýranyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy sözüniň dowamynda: Halkda umytsyzlyk döretmek duşmanyň islegidir emma Yslam ynkylaby halkda umyt döredendir we Eýran jemgyýetinde umytsyzlyk döretmek duşmanyň ýalňyş görnüşidir, bu duşmanyň goýberýän strategiki ýalňyşlygydyr diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Eýranyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler
Eýranyň prezidentiniň ölümi balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi
Eýranda tokaý ýangynlary başdan geçirilýär
Eýranda Kazylaryň Janyna Kast Edildi
“Netanýahu Asylyp Öldürilmeli”
Eýrandan Ýewropa Uçar Saparlary Başlar
Eýranda sil apaty sebäpli 15 adam ýogaldy