
Häzirki günlerde oba hojalyk işgärleri gowaça ekişine taýýarlyk görmek, ak ekinlere ideg etmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Hojalyklarda ýerleri sürmek guramaçylykly dowam edýär.
Lebpa welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginde sürüm bir günde 2 müň gektardan gowrak meýdanda göwnejaý geçirilýär. Möhüm çärä her günde kuwwatly tehnikalaryň 180-den gowragy çekilýär. Bu barada Türkmen gündogary gazetinde habar berilýär.
Ýetip gelýän gowaça ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmekde ýerleriň şoruny ýuwmak möhüm agrotehniki çäreleriň biri hasaplanylýar. Şol sebäpli daýhanlar gyşyň häzirki amatly günlerinde ýuwuş suwuny tutmak işine giň gerim berýärler. Bu işde Çärjew we Dänew etraplarynyň janypkeş ýer eýeleri has tapawutlanýarlar. Şunuň bilen birlikde içerki we hojalygara suw akabalaryny hem-de zeýkeşleri arassalamak we çuňaltmak işleri hem utgaşykly alnyp barylýar.
Häzirki günler ak ekinlere ideg etmek üçin hem amatlydyr. Gallaçylar ekinleri suwarmak we goşmaça iýmitlendirmek işlerine gerim berýärler. Şeýle tagallalar 2022-nji ýylynda azyk bolçulygyny döretmäge berk esas döredýär.