Lebap welaýatynda saz boýunça bilim berýän mugallymlar tejribe alyşdylar

Lebap welaýatynda saz boýunça bilim berýän mugallymlar tejribe alyşdylar

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde gündogar sebitiň Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdepleriniň milli saz gurallary bölüminiň mugallymlarynyň okuw-usuly maslahaty geçirildi. Onuň geçirilişi barada welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Arzuw Muradowa Turkmenportalyň habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

― Maslahata welaýatyň ähli etrap-şäherlerindäki çagalar sungat mekdeplerinde çeň, kanun, baglama, plektrli dutar we ud hünärleri boýunça bilim berýän mugallymlar gatnaşdylar.

Maslahatda, esasan, türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürjek çagalara bilim bermegiň we hünär öwretmegiň täze usullaryny oýlap tapmak, çagalarda saza bolan söýgini döretmek we terbiýelemek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem mugallymyň gürüň berşi ýaly, welaýatyň dürli ýerlerinden gelen mugallymlar okatmagyň usulyýeti barada gyzykly çykyşlar etdiler, görkezme sapaklaryny geçirdiler. Olaryň arsynda mugallym N.Agaýewanyň Türkmen milli sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi atly çykyşy, A.Baltaýewiň “Baglama saz guralynyň aýratynlyklary we çagalara öwretmegiň usullary” atly tema boýunça geçiren görkezme sapagy has täsirli boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda azat metbugatyň duçar galan täleýi
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Azerbaýjan tussaglykda bolan 3 ermeni esgeri Ermenistana ugratdy
Azerbaýjan Ýesirlikde Saklanýan 3 Ermeni Esgerini Yzyna Berdi