Lebapda 5 kg un 32 mnt. Bugdaýyň, pagtanyň täze satyn alyş nyrhy daýhanlary ätiýaçly begendirýär

Lebapda 5 kg un 32 mnt. Bugdaýyň, pagtanyň täze satyn alyş nyrhy daýhanlary ätiýaçly begendirýär

Bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagynyň yz ýany, Lebap welaýatynyň döwlet dükanlarynda 5 kile agramy bolan haltajyklarda ýerli un çäklendirilmedik möçberlerde açyk satylyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy fewralda Lebap welaýatyndan maglumat berdi.

“Döwlet dükanlarynda bäş kilelik haltajyklarda satylýan unuň bahasy 32 manat bolýar. Isle iki halta, isle-de dört halta satyn alyp bolýar” diýip, bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu täzelik bilen, döwlet dükanlarynda täjirçilik bahadan satylýan 50 kilogramlyk unuň bahasy Lebap welaýatynda 320 manada çykýar.

Mundan ozal, ýurduň döwlet dükanlarynda ýeňillikli azyk paýy hökmünde bir kilogram un bir manatdan satylýardy. Ýeňillikli un çäklendirilen görnüşde, şäher ýerlerinde adam başyna bäş kilogramdan, oba ýerlerinde adam başyna 8 kilogramdan paýlanýan ekeni. Şeýlelikde, bir halta ýeňillikli unuň bahasy 50 manat bolýardy.

“Döwlet dükanlarynda ýeňillikli azyk paýy hökmünde paýlanýan un, üç aýdan gowrak wagt bäri üpjün edilmeýär” diýip, bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Indi beýle düzgün ýok, un döwlet dükanlarynda diňe täjirçilik bahasyndan satylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir ýerli ýaşaýjynyň sözlerini getirýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hökümeti 9-njy fewralda bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrdy.

Bir tonna bugdaýyň satyn alyş bahasy 800 manatdan 2 müň manada göterildi. Iň gymmat nah pagtanyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş nyrhy 1500 manatdan 5000 manada, iň gymmat ýüpek pagtanyň bahasy 2000 manatdan 6700 manada göterildi.

Täze bahalaryň oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmegine garaşylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan pagtaçy kärendeçilere täze bahalary ätiýaçly hüşgärlik we hoşallyk duýgulary bilen garşy alýarlar.

Türkmenistanda daýhanlar döwletiň kärende ýerlerinde döwlet tabşyrygyna görýän ekinleri ekip, ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar. Täze bahalar bilen döwlet, 2024-nji ýylyň hasylynda, kärendeçi daýhanyň ösdürip ýetişdiren bugdaýyny we pagtasyny öňki ýyllar bilen deňeşdirilende has gymmat bahadan, bugdaýy 2,5 esse, pagtany 3,5 esse töweregi gymmat satyn alar.

“Daýhanyň ösdürip ýetişdirýän bugdaýyna we pagtasyna tölenýän puluň möçberleriniň artdyrylmagy gowy boldy. Bu döwlet üçin gowy ädim boldy. Ýöne dökün, tehnika üçin alynýan tutumlary hem peseltseler gowy bolardy” diýip, bir daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“5 müň manat pul berdim diýip, onuň 4 müň 800 manadyny döküne, tehnika diýip, tutup galmasalar gowy bolardy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda daýhanyň daban azabynyň ýerine gowuşmaýandygy, onuň öndürýän oba hojalyk önümleriniň döwlet tarapyndan ujypsyz satyn alynýandygy barada ýyllarboýy habar berip geldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir kärendeçi daýhan bu netijäniň gazanylmagynda, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagynda Azatlyk Radiosynyň oýnan roluna, bu meseläni yzygiderli gün tertibine getirmegine-de hoşallyk bildirdi.

“Azatlyk Radiosy bu temany ençeme gezek gün tertibine getirdi. Redaksiýanyň çeken zähmeti azajygam bolsa ýerine düşdi” diýip, bir daýhan aýdýar.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan bir oba hojalyk hünärmeni täze özgertmelere hüşgär hoşallyk bilen çemeleşýär:

“Bu özgertmeler entek daýhany ynandyryp bilmeli. Daýhan özüniň bähbit görjekdigine ynanyp bilse, şoňa göz ýetirse, döwlet öňde goýan maksatlaryna ýetip biler” diýip, oba hojalyk hünärmeni gürrüň berdi.

Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy mundan ozal 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda ýokarlandyryldy. Şoňa çenli döwlet daýhanyň ösdürip ýetişdiren bir tonna bugdaýyna 400 manat töleg töleýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär
Sakarýa Tarakly Ugut süýjüligi
NG Kutahya dükanynda hammam otagy üçin mebelleri 50% arzanladyş bilen satyn alyp bilersiňiz
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi