Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi

Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

TDH habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler häzirki wagtda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, şu günler pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, talabalaýyk saklamak, şeýle-de pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär.

Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksadynda, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak we sürüm işleri alnyp barylýar.Indiki ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Bugdaý ekilen meýdanlarda bolsa agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Häkimler Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatlarda guraljak dabaralara taýýarlyk görlüşi, şeýle-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdiler.

Degişli hasabatda Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, ony gaýtadan işlemek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany häkimlere bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, indiki ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň möwsüme doly taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimine ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle-de häkimlere, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda soňra wise-premýer T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi.

Döwlet Baştutany bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany şeýle-de ýurtda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň azyk harytlary bilen bolelin üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işiniň talabalaýyk guralmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi