Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişi dowam edýär.Bu möwsümi agrotehniki möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we oňa ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary hem-de awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça hem zerur işler alnyp barylýar.

Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär.

Hasabatlarda maldarçylyk pudagynda, degişli maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Häkimler Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen köpçülikleýin sport we medeni çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada-da hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany häkimlere gowaça ekişiniň talabalaýyk hem-de bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle hem degişli maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny aýtdy we häkimlere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň ýerden bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we wise-premýere gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde, bökdençsiz geçirilmegini, ýurduň bugdaý ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, şeýle hem galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine ýurtda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy