Lebapda uçar we otly biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşýär

Lebapda uçar we otly biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşýär

Lebapda uçar we otly biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşýär. Ýolagçylar uçara bilet tapdyrmaýandygyny, onlaýn elýeterli bolmadyk otly biletlerini satyn almak üçin-de, onuň döwlet bahasynyň üstüne ýene 50%-ni para hökmünde bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.

“Häzir Türkmenabat-Aşgabat ugry boýunça uçarlara bilet satyn alyp bolmaýar. Öňümizdäki günlere we hepdelere bilet tapdyrmaýar. Şol sebäpli şu günler otly bilen syýahat edýän ýolagçylaryň sany artdy. Bu bolsa, otly biletleriň döwlet bahasynyň üstüne para alnyp berilmegi ýaly hadysalaryň möwjemegine getirdi” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi sahypasyndan elektron biletleri onlaýyn tas satyn alyp bolmaýar. Biletler demirýol işgärleriniň üsti bilen ýörite “araçylar” tarapyndan satylýar.

“Olar häzir döwlet bahasy 76 manat bolan kupe orunly biletleri 120 manatdan satýarlar” diýip, türkmenabatly ýolagçy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

23-nji ýanwarda Azatlyk “Türkmendemirýollary” agentliginiň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi websahypasyndan 24-nji ýanwar bilen 6-njy fewral aralygynda elektron biletleri onlaýyn satyn almaga synanyşdy.

Bu hyzmatyň gidiş ugry, habarlaşmak maglumatlary we ýeri saýlamak bölümleri, göräýmäge, kadaly işleýän ýaly bolup görünýär. Ýöne otluda oturjak ýeriňi saýlap, tölegi geçirmek bölümine ýeteniňde sahypa hatardan çykýar.

Türkmenistanda otly biletlerini “Demirýollaryň” resmi websahypasyndan onlaýyn satyn almak mümkinçiligi mundan bäş ýyl çemesi ozal ýola goýuldy. Şondan bäri ýolagçylar biletleri onlaýn satyn almakda kynçylyk çekýändikleri barada yzygiderli habar berip gelýärler.

Otly we uçar biletleriniň nobatdaky gytçylygy Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, 25-30-njy dekabr aralygynda ýüze çykyp başlady. Bu waka, Aşgabat bilen welaýat merkezleriniň arasynda ýolagçy gatnawlarynyň ýygjamlaşmagy bilen utgaşdy.

Bu ýagdaýyň fonunda, habarçylarymyz otly, uçar we taksileriň bahasynyň ep-esli ýokarlandygyny, petekleriň döwlet bahasynyň üstüne para alnyp berilmegi ýaly hadysalaryň bolup geçýändigini habar berdiler.

Türkmenistanda bellenilýän möhüm baýramçylyklaryň öňüsyrasynda we yz ýanynda sebitara transport gatnawlary işjeňleşýär. Sebitleriň arasynda bar bolan transport ulgamlary ilatyň talaplaryny kanagatlandyryp bilmeýär.

Azatlyk Täze ýyl baýramçylygyndan bäri aradan 20 günden gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, Lebap-Aşgabat ugry boýunça bilet gytçylygynyň saklanyp galmagynyň sebäplerini häzirlikçe anyklap bilmedi. Redaksiýanyň bu barada “Türkmendemirýollary” agentligi bilen habarlaşyp, telefon arkaly kommentariý almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Bu aralykda, lebaplylaryň ençemesi otlynyň howpsuzlygyna gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň özlerini “medeniýetsiz, eden-etdilikli alyp barýandygyny” aýdyp, olaryň ýolagçylara hormat goýmaýandygyny belleýär.

“Türkmenabat-Aşgabat otlusynda polisiýa işgärleri gapyny kakman, duýdansyz kupe işiklerini açyp, içeri seredýärler.Bu ýagdaý, 12 sagatlyk syýahatyň dowamynda azyndan 4-5 gezek gaýtalanýar.Olar ýolagçylaryň alkogolly içgileri içip içmeýändigini abralaýndyklaryny aýdýarlar.

Uklap ýatan aýal-gyzlaryň üsti açykmy, ýaş bäbekli eneler çagalaryny emdirýärmi olary bular gyzyklandyrmaýar.Gaýtam, olar ýatan zenanlaryň üsti açylan bolsa, bolup ýatyşyň nähili” diýip, olary utandyryp, mertebesini kemsitmäge çalyşýarlar” diýip, türkmenabatly ýolagçy gürrüň berdi.

Ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri uçar we otly biletleriniň ýetmezçiligi, şol sanda biletleriň döwlet bahasynyň üstüne para alnyp berilmegi barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Baýramçylyk gabatlarynda, ýolagçylaryň sebitara transport meseleleri ýitileşdi
Bilet ýetmezçiligi sebäpli ýolagçylar otly geçelgelerinde syýahat edýär
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär
Lebapda welaýatara taksileriň kireý nyrhlary dört aýda 70% gymmatlady
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär