Lebapda ýene güýçli tozanly ýel turdy

Lebapda ýene güýçli tozanly ýel turdy

Lebapda 19-20-nji martda ýene güýçli tozanly ýel turdy. Güýçli ýel, Türkmenabat şäherinde ilatyň elektrik üpjünçiliginiň wagtal-wagtal kesilmegine getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji martda sebitden maglumat berdi.

Waka, Günbatar Aziýadan gelýän işjeň harasadyň 19-20-nji martda Türkmenistanyň çäginden geçjekdigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

“Bu ýel, ozalkylardan hem güýçli bolup, onuň sesi tupana meňzeýär. Günortadan öwüsýän ýel çöldäki çägäni uçuryp, şähere getirdi. Häzir howada gum bölejikleri juda ýiti duýulýar. Şäherde göz açar we dem alar ýaly bolmady” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Güýçli ýel şäheriň elektrik geçiriji sütünlerindäki simleriň biri-birine degip, toguň wagtal-wagtal öçüp durmagyna hem sebäp boldy.

“Ýel şäheriň köçeleriniň ugrundaky uly plakatlaryň ýerinden gopup, agdarylmagyna, käbiriniň uzak aralyga uçup gitmegine hem getirdi. Häkimiýetler şäherdäki baş baýdagy dessine aşak düşürdiler” diýip, türkmenabatly başga bir ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.

Soňky iki günüň dowamynda şäheriň Ýangyn howpsuzlygy gullugy hem has güýçlendirilen iş tertibinde işleýär.

“Ýaşaýjylar şäheriň haýsydyr bir ýerinde alaw ýaksalar, dessine gullugyň işgärleri tapylyp gelýär we olar alaw ýakan raýata ýa-da hojalyga 400 manat jerime ýazýarlar” diýip, habarçymyz belledi.

Tozanly ýel esasan hem gartaşan raýatlara ýaramaz täsir etdi. Ýaşy 50-den aşan adamlar we zenanlar kelle agrydan we demgysmadan şikaýat edýärler.

Ýel, bahar paslynyň gelmegi we howanyň maýlap başlamagy bilen, ýaňy gülläp başlan miweli baglara hem ýaramaz täsir etdi.

“Erik, garaly, ülje ýaly baglaryň gülleri ýere döküldi we olaryň hasyllygyna uly zyýan ýetdi” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada şäher häkimiýetlerinden, şol sanda Ýangyn howpsuzlygy gullugyndan teswir alyp bilmedi.

Habarçymyz, adatça bolşy ýaly, güýçli ýel we onuň ýetirmegi mümkin täsirleri barada häkimiýetler tarapyndan ilata öňünden duýduryş edilmändigini aýdýar.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi websaýtynda hem, Lebapda bolan tozanly ýel barada hiç zat aýdylmaýar.

“Watan” habarlary gepleşiginiň 19-njy martda efire berlen sanynda 20-nji martda Lebapda ýagyş ýagyp, ýyldyrym çakmagynyň mümkindigi we şemalyň öwüsjekdigi aýdyldy. Ýöne onuň ýetirip biljek täsirleri barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri Lebapdaky adatdan daşary howa hadysasy barada baryp 17-nji martda habar berdi.

Neşir şonda Günbatar Aziýadan gelýän işjeň harasadyň 19-20-nji martda Türkmenistanyň çäginden geçjekdigini we munuň 19-21-nji mart aralygynda ýurtda amatsyz howa şertlerini döretjekdigini aýtdy.

“Temperaturanyň birden üýtgemegine, ýagşyň ýagmagyna, käte güýçli ýyldyrym çakmagyna, ýeliň we tozan tupanlarynyň köpelmegine garaşylýar. ...Lebap welaýatynda tizligi sekuntda 13-18 metre çenli ýetýän ýel we tozanly tupan turar” diýip, neşir belläpdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde adatdan daşary howa hadysalary, şol sanda tozanly ýel ýygy-ýygydan gaýtalanýar.

Geçen ýylyň noýabrynda BMG-niň çölleşmä garşy edarasy dünýäde tozanly tupanlaryň we çägeli harasatlaryň soňky ýyllarda ýygjamlaşandygyny we ýitileşendigini mälim etdi. Bu ýagdaý serhetüsti täsirlere ýol açýar, daşky gurşawa, klimata, oba hojalygy pudagyna zyýan ýetirýär we saglyk ýagdaýy pes adamlaryň durmuşyna wehim salýar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler we media serişdeleri ýurtda turýan tozanly ýeller we onuň ýetirýän täsirleri barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda "ýylyň tozanly ýeli" turdy
Maryda ýene güýçli tozanly ýel turdy
Lebapda howpsuzlyga we ýangyn howpsuzlygyna gözegçilik pugtalandyrylýar
Lebapda, Maryda ýagan güýçli ýagyş we ýel ilatyň elektrik üpjünçiliginiň uzakly gün kesilmegine getirdi
Lebapda we Balkanda turan güýçli ýel jaýlaryň üçeklerini gopardy
Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady